Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KONSTITUSION ÖZGERTMELER — GELJEKKI ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Türkmen halky öz köpasyrlyk taryhynda ençeme döwlet gurdy. Bu hem ýöne ýerden däl. Döwletlilige tarap çemeleşmek türkmeniň aýratynlyklarynyň biridir. Döwletimiziň ösüşiniň her tapgyry özüniň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Olar ykdysadyýetde, ylym-bilimde, medeniýetde we beýleki ugurlarda bolup geçýän üýtgetmeler, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ösmegi, olaryň döwrebap kämilleşmegi, halkyň aňyýetiniň hukuk taýdan ösmegi hem-de döwletiň içeri we daşary syýasat ugurlarynyň, döwlet dolandyryşynyň görnüşleridir usullarynyň üýtgemegi bilen häsiýetlendirilýär. Olaryň her biri Türkmenistanyň Konstitusiýasyny döwrebaplaşdyrdy, onuň düzgünlerini kämilleşdirdi we ösüşlere getirdi.

Taryhy nukdaýnazardan gysga wagtyň içinde Türkmenistan öz konstitusion ösüşinde belli bir ýol geçdi. Bu günki gün jemgyýetçilik durmuşymyzda halk häkimiýetiniň wekilçilikli edarasy hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk derejesini kämilleşdirmek boýunça konstitusion özgertmeleriň täze tapgyry geçirilýär. Geçirilýän konstitusion özgertmeler Türkmenistanda syýasy we ykdysady durmuşy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetini ösdürmek, ýurdumyzy dünýäniň hemmetaraplaýyn ösen demokratik döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda aýgytly ädim boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy geçen ýyllarda döwletimiziň ösüşiniň her tapgyrynyň anyk-taryhy şertlerini we aýratynlyklaryny beýan etdi. Hususan-da, Konstitusiýamyza 1995, 1999, 2003, 2005, 2006-njy ýyllarda, şeýle hem 2008-nji ýylda birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ösmegi bilen, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetde we beýleki ugurlarda, şeýle-de durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly başlangyçlarydyr özgertmeleri Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek zerurlygyny ýüze çykardy. Şoňa görä-de milli Liderimiz tarapyndan Türkmenistanda konstitusion özgertmeler tapgyrlaýyn geçirilýär. Konstitusion özgertmeleriň netijesinde 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda ilkinji gezek düýpli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Bu tapgyrda hukuk nukdaýnazaryndan Esasy Kanunymyzyň kadalaşdyryjy göwrümi we çägi giňeldildi, oňa täze 22 madda, şeýle hem «Ykdysadyýet we malie-karz ulgamy» atly bölüm girizildi, adamyň we raýatyň hukuklary hem azatlyklary baradaky bölüminiň syýasy-hukuk many-mazmuny kämilleşdirildi, netijede, Konstitusiýamyz 142 maddadan ybarat boldy.

Bu konstitusion özgertmeler milli döwletliligiň syýasy-hukuk esaslaryny kesgitledi, Türkmenistanyň demokratik täzelenmeginiň geljegini beýan etdi. Goşmaçalar türkmen jemgyýetinde we döwletinde, şeýle hem onuň ykdysadyýetinde, syýasatynda we ideologiýasynda soňky ýyllarda bolup geçen düýpli özgertmeleri aýan etdi. 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Esasy Kanunymyza Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýy hakynda täze bir madda — 61-nji madda girizildi.

2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde eden taryhy çykyşynda: “Siziň bilşiňiz ýaly, biz ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmak hem-de ygtyýarlyklaryny giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan ikinji mejlisinde konstitusion özgertmeleri geçirmegi yglan etdik.

Garaşsyz döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmak, döwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny kämilleşdirmek üçin biziň öňe süren bu başlangyjymyzyň möhüm ähmiýeti bardyr.

Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly her bir raýatyň öz tekliplerini we belliklerini aýtmaga hem-de hödürlemäge mümkinçiligi bolar ýaly ähli şertleri döretdik” diýip belledi.

Konstitusion üýtgetmeleriň esasy maksady, Türkmenistanda iki palataly parlament ulgamyna geçmek we şoňa görä Konstitusiýa degişli üýtgetmeler girizmekden ybarat. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary özünde jemleýän özgertmeler syýasaty batly depginde amala aşyrylýar. Iki palata geçmek möhüm syýasy we hukuk wakadyr. Parlamentleriň tejribesinde birmeňzeşlik ýok. Dünýä döwletleriniň tejribesiniň görkezişi ýaly, käbir döwletleriň parlamentleri iki palatadan, käbiri bir palatadan ybarat. Häzirki döwürde döwletleriň köpüsinde iki palataly parlamentler hereket edýär. Kada bolşy ýaly, iki palataly parlamentler ABŞ, Awstriýa, Hindistan, Russiýa Federasiýasy ýaly federatiw (köp milletli hem-de çäk gurluşy çylşyrymly) döwletlerde döredilendir. Soňky ýyllarda iki palataly parlamentler unitar (bir milletli, ýönekeý döwlet gurluşy bar bolan) döwletler: Fransiýa, Italiýa, Belarus, Gazagystan, Täjigistan, Özbegistan ýaly döwletlerde hem döredilýär. Ir döwürlerden gelýän konstitusiýa hukugynyň taglymatlaryna hem-de parlamentarizmiň nazariýetlerine laýyklykda, kada bolşy ýaly, unitar döwletlerde bir palataly parlamentler döredilýär. Mysal üçin, Azerbaýjanda, Gyrgyz Respublikasynda, Moldowada, Ukrainada, şonuň ýaly-da Ýewropa döwletleriniň birnäçesinde şeýle tejribe bar.

Görşümiz ýaly, her bir halk milli döwlet gurluşynda öz ýoluny saýlap alýar. Dürli tejribeleriň bolmagy döwletleriň özüniň häkimiýet gurluşynyň gelip çykyşynyň taryhy çeşmelerine, milli däp-dessurlaryna, adatlaryna hem-de häzirki zaman konstitusion ylmynda hereket edýän taglymatlaryna, nazaryýetlerine, tejribelerine esaslanýar. Şoňa görä-de, döwletleriň parlament ulgamy, bir tarapdan, öz milli çeşmelerini, ikinji tarapdan, umumy konstitusion ylmynyň nazaryýetiniň gazananlaryny özünde birleşdirýär.

Konstitusion özgertmeleriň häzirki tapgyrynyň hukuk ylmy üçinde, milli döwlet gurluşynyň tejribesi üçin-de uly ähmiýeti bar. Milli demokratiýamyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň ösüşiniň ýagdaýynyň we derejesiniň, döwlet häkimiýetiniň we raýat jemgyýetiniň institutlaryny has-da kämilleşdirer. Her bir özgertme, konstitusion ylmynyň nazaryýetiniň we tejribesiniň görkezişi ýaly, özüniň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň ösüşiniň her tapgyrynyň anyk taryhy şertlerini we aýratynlyklaryny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda konstitusion özgertmeler tapgyrlaýyn geçirildi. Her tapgyrda Esasy Kanunymyz döwrebaplaşdyryldy, ykdysadyýetde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda, jemgyýetimizde täze emele gelen gatnaşyklary berkitdi, şeýle hem, milli kanunçylygymyzyň ösüşinde we onuň kämilleşmeginde syýasy-hukuk binýady boldy.

Şeýlelikde, düýp manysy we mazmuny boýunça ýurdumyzda geçirilýän konstitusion özgertmeler diňe bir öňdebaryjy demokratik döwletleriň ösüş tejribesini däl, eýsem, täze eýýamda Türkmenistanda toplanan tejribäni-de öz içine alýar. Döwletimizde yglan edilen konstitusion özgertmeler — häzirki döwrüň talaby. Esasy Kanunymyzy döwrebaplaşdyrmak milli hukuk ulgamyny we raýat jemgyýetini kämilleşdirmäge, syýasy asudalygy, halk bitewüligini mundan beýläk-de berkitmäge mümkinçilik berer. Dörediljek ikipalatalaýyn parlament jemgyýetimiziň we döwletimiziň has-da kämilleşmegine ýardam berer, kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edara bolup, özüniň işini hem-de raýat jemgyýetimiziň institutlaryny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrar, şeýle-de parlament medeniýetiniň ösmegine berk binýat bolar.

 

Myrat HAITOW, ýuridiki ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň at gazanan ýuristi.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.