Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SYÝASY-HUKUK ÖZGERTMELERIŇ BATLY GADAMLARY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, hemişelik Bitarap Türkmenistan demokratik özgerişler ýoly bilen syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerini nazarlap, ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan amala aşyrylýan düýpli özgertmeler her bir raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ygtybarly esaslaryny döretmäge, halkymyzyň parahat durmuşyny we milli jebisligi üpjün etmäge hem-de halk häkimiýetine, kanunlaryň hökmürowanlygyna daýanýan raýat jemgyýetiniň ykrar edilmegine gönükdirilendir.

Mähriban Diýarymyzda Esasy Ka­nu­ny­my­za — Kons­ti­tu­si­ýa esaslanyp, ýurdumyzda höküm sürýän durmuş-syýasy durnuklylygyň şertlerinde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň hem-de demokratik meýillere ygrarly raýat jemgyýetimiziň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi güýçli depginde dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet häkimiýet we milli kanun çykaryjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek iki palataly ulgama geçmek babatda öňe süren teklipleri ýurdumyzda syýasy-hukuk özgertmeleriniň täze tapgyrynyň emele gelýändiginiň, milli demokratiýanyň has-da ýaýbaňlanýandygynyň, raýat jemgyýetiniň berkarar edilýändiginiň aýdyň alamaty boldy. Hormatly Prezidentimiziň Esasy Kanunymyzy has-da kämilleşdirmek boýunça geçirýän işleriniň maksady demokratik-hukuk, dünýewi türkmen döwletiniň esaslaryny pugtalandyrmakdan hem-de durmuş ugurly syýasy özgertmeleri amala aşyrmakdan ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňe süren teklipleri ählihalk goldawyna mynasyp bolýar. Teklip edilýän kadalaryň döwrebapdygyny geçirilýän ylmy seljermeler hem doly tassyklaýar. Şonuň bilen birlikde, göz öňünde tutulýan özgertmeler döwlet häkimiýetiniň halk bilen mizemez jebisligini alamatlandyryp, hukuk döwletiniň häzirki zaman we toplanan tejribesine doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, dünýäde ykdysady we syýasy ýagdaýlaryň üýtgemegi bilen baglylykda döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, şol sanda wekilçilikli edaralaryň işini yzygiderli kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň häzirki we geljekki ösüşiniň esasy talaplary we ileri tutulýan ugurlary adamzadyň ösüşinde gazanylan örän gowy üstünlikler hemde iň öňdebaryjy halkara tejribeler döwletimiziň Esasy Kanunynda öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar. Bütin dünýäde toplanan tejribäniň milli kanunçylygymyza ornaşdyrylmagynyň kämil kanunçylyk ulgamyny kemala getirmekde we berkitmekde ähmiýetiniň uly boljakdygy gürrüňsizdir. Bu ugurda amala aşyrylýan işler hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan milli hukuk ulgamymyzy kämilleşdirmegiň strategik meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyrlaryny özünde jemleýär. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işlerde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler nazara alynýar, dünýä boýunça toplanylan öňdebaryjy özgertmeler içgin öwrenilýär hem-de olaryň iň ygtybarly ugurlary ornaşdyrylýar. Munuň özi täze taryhy eýýamymyzda kanunçylyk ulgamyny döwrebap kämilleşdirmegiň, olary halkara tejribesine laýyklykda baýlaşdyrmagyň döwlet işiniň esasy ugurlarynyň biridigini doly tassyklaýar.

Türkmen jemgyýetinde yzygiderli alnyp barylýan demokratik özgertmeler we häzirki döwrüň ýagdaýlary, kanunçykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerlerde saýlawçylaryň deputatlar bilen has-da ýakyndan gatnaşyklaryny ýola goýmak, kanunlaryň hem-de milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmek nukdaýnazaryndan maksadalaýykdyr. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň : «Türkmenistanyň hukuk ulgamyny özgertmekde we Esasy Kanunyny kämilleşdirmekde biz iň gowy dünýä tejribesinden, halkara ölçeglerinden ugur almalydyrys we halkara hukugyň esas goýujy kadalaryna eýermelidiris» diýen pähimli sözleri esasy ýol görkezijidir.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk hem kämilleşdirmäge ýardam etjek konstitusion özgertmeleri amala aşyrmak babatda giň möçberli işler ýaýbaňlandyryldy. Jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeleri göz öňünde tutup döredilen Konstitusion toparyň geçirilen mejlisleri aýdylanlaryň aýdyň beýanydyr. Konstitusion toparyň şu ýylyň başynda geçirilen üçünji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Mejlisde döredilen iş toparyna döwlet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlaryndan gelip gowuşýan teklipleriň seljerilmegi, umumylaşdyrylmagy we toparyň ýygnaklarynda ara alnyp maslahatlaşylmagy netijesinde, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygy habar berildi. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Konstitusion kanunyň jemgyýetimizi we döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegi kanunçylyk taýdan üpjün etmegiň maksatlaryna üstünlikli ýetmäge mümkinçilik berjekdigini nygtap geçdi.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny pugtalandyrmak, döwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlary eziz Diýarymyzyň täze taryhynda aýratyn ähmiýetli uly syýasy-jemgyýetçilik waka bolup durýar. Bu möhüm syýasy ähmiýetli iş Daşoguz welaýatynyň agzybir halkynyň arasynda hem giň seslenmä eýe boldy. Welaýatyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de raýatlaryň işjeň gatnaşmagynda düşündiriş we wagyz-nesihat häsiýetli ýygnanyşyklar yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Konstitusion toparyň mejlislerinde jemgyýetçilik birleşikleriň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde goýan anyk görkezmelerine laýyklykda, Konstitusion kanunçylygyň milli we dünýä tejribesini öwrenmek boýunça netijeli işi dowam etmek we hödürlenýän taslamany ara alyp maslahatlaşmaga halk köpçüliginiň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek esasy wezipe bolup durýar. Ähli derejelerde geçirilýän duşuşyklarda we söhbetdeşliklerde ýurtda kanun çykaryjy häkimiýeti hil taýdan täze derejä çykarmak barada teklipler goldanylýar. Hormatly Prezidentimiziň kanun çykaryjy edaranyň bitewi ulgamyna Türkmenistanyň Halk maslahatyny hem-de Mejlisini girizmek, Milli Parlamentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip, onuň kanun çy­ka­ry­jy pa­la­ta­sy­ny — Mej­lis, wekil­çi­lik­li pa­la­ta­sy­ny — Halk Maslahaty diýip atlandyrmak barada başlangyçlary halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde konstitusion özgertmeleriň ähmiýetini jemgyýetçilige giňişleýin hem-de düýpli düşündirmek Halk Maslahatynyň hukuk derejesiniň, onuň wezipeleriniň we borçlarynyň hemmeler üçin aýdyň bolmagyny gazanmak ýaly täze jogapkärli wezipeleri goýdy. Gahryman Arkadagymyzyň düýpli syýasy, ykdysady we hukuk garaýyşlaryna, ynsanperwerlik hem-de durmuş adalatlylygy ýörelgelerine esaslanýan kadalary we düzgünleri doly goldamak bilen, ýurdumyzyň Esasy Kanunyna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girzmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak işini welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde degişli işleri alyp barmak deputatlaryň paýyna düşýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, iki palataly Parlamentiň işlemegine esas boljak kanunçylyk binýadyny döretmekde, içgin öwrenip, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna girizilýän özgerişlikleriň ähmiýeti barada saýlawçylaryň arasynda wagyz we düşündiriş işlerini giňden ýaýbaňlandyrmagy özümize baş maksat edip goýduk. Ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçmegi bu edarany giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara öwürmäge mümkinçilik döreder. Göz öňünde tutulýan konstitusion özgertmeler ýurdumyzyň kanun çykaryjy täze edarasynyň işini has gowy guramaga, Parlamentiň ornuny ýokarlandyrmaga we ygtyýarlyklaryny giňeltmäge ýardam bermek bilen, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbitlerine wekilçilik etmäge, döwrüň öňe çykarýan derwaýys meselelerini netijeli çözmäge, deputatlaryň saýlawçylar bilen has ykjam gatnaşyklaryny ösdürmäge oňaýly şert döreder. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, biz — Mejlisiň deputatlary we syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň kanunçylygynyň hereket edýän ulgamynyň üstüni ýetirmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ýurdumyzyň çalt öňe gitmegi boýunça öňde goýan möhüm wezipeleriniň mundan beýläk-de oňyn çözülmeginde bilimimizi we tejribämizi gaýgyrman, ähli tagallalary edip, öňde duran wezipeleriň mundan beýläk-de ýurdumyzyň esasy Kanunyna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, alymlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ýaşlar bilen bilelikde degişli işleri alyp bararys.

Bedew bady bilen öňe barýan berkarar döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň hukuk binýadyny berkidýän mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, başyny başlan konstitusion özgertmeleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!

 

Aşyrdurdy ALLAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.