Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

JEMGYÝETIŇ ÖSÜŞINE MÖHÜM BADALGA

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden giňişleýin çykyşynyň, Konstitusion toparyň amala aşyrýan işleriniň many-mazmunynyň, möhüm ähmiýetiniň köpçülige ýetirilmegine bagyşlanylyp welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň mejlisler eýwanynda «Syýasy-hukuk özgertmeleriniň batly gadamlary» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, welaýat prokuraturasynyň, welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň bilelikde guran bu maslahatyna welaýatymyzyň ykdysadyýet ulgamyna dahylly edaralaryň işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisi Bilbil Saparowa, welaýat Adalat bölüminiň baş maslahatçysy Döwletmyrat Amanow, welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygy Şirmämmet Guwanjow dagy çykyş etdiler. Olaryň belläp geçişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygy «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Çünki onda milli Liderimiziň ýurdumyzda kanunçylygy kämilleşdirmek, Türkmenistanyň kanunlarynyň birnäçesine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek, täze, döwrebap kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak, kabul etmek boýunça deputatlaryň öňünde goýýan wezipeleri döwlet-jemgyýetçilik ösüşiniň geljekde has-da rowaçlanmagyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýene-de ýokary göterilmegine gönükdirilendir. Bu babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly amala aşyrylýan işleriň, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky», «Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky» Kanunlaryny, beýleki ugurlara degişli kanunlary, kodeksleri döwrebaplaşdyrmak hakynda öňe sürlen teklipleriň ähmiýeti örän uludyr.

Belli bolşy ýaly, soňky ýyllarda biziň ýurdumyzyň dürli ugurlardaky başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalarynyň, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda bu barada aýtmak bilen: «Biziň öňe sürýän başlangyçlarymyza öz wagtynda hukuk goldawyny bermek, şol başlangyçlary ýurdumyzda we bütin dünýäde wagyz etmek biziň esasy maksadymyz bolup durýar» diýip, aýratyn belläp geçmegi deputatlaryň, şonuň bilen birlikde-de, ýurdumyzyň ähli jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň üstüne uly borçlary ýükleýär. Şeýlelikde, häzirki wagtda olar tarapyndan bu ugurda derwaýys çäreler alnyp barylýar. Ynha, şu maslahat hem olaryň biri boldy.

 

Gutlymyrat AŞYROW, «Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.