Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“SIZ DÜNÝÄ BEZEGI, EZIZ ENELER!” ATLY GURNAGARA BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Şu gün Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgünde Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgi bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Siz dünýäň bezegi, eziz eneler!” atly gurnagara bäsleşigi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň, sungatynyň gorap saklanmagy we baýlaşdyrylmagy, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilini üpjün etmek, ony dünýä ölçeglerine laýyk getirmek boýunça alyp barýan işlerine jogap edip “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli Halkara zenanlar gününe bagyşlanan “Siz dünýäniň bezegi, eziz eneler!” ady bilen Aşgabat şäheri Çagalar we ýetginjekler köşgünde hereket edýän gurnaklaryň arasynda ýaş zehinleri, çeper döredijilikli, ukyply, başarjaň ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen gurnaklaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi. Sungat, medeniýet - bular biri-biri bilen baglanyşykly närselerdir. Medeni mirasymyzy öwrenip ony janlandyrmak, ony geljekki nesillere ýetirmeklik derwaýysdyr.

surat

surat

surat

surat

surat

surat

surat

surat

surat

 

Begenç Ak, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.