Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ARKADAGLY DÖWÜRDE SARPALYDYR ZENANLAR

Hormatly Prezidentimiz: «Enelere, gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp, mukaddeslik hökmünde nesilden-nesle geçip gelýän milli däbidir. Halk dessanlarymyz, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toý aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes ojagyna wepaly, zähmet söýergelin-gyzlar ymyz yň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär» diýmek bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlarymyza aýratyn hormat-sarpa goýýar, ata Watanymyzyň häzirki ösüş döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan giň göwrümli işlerde, gazanylýan üstünliklerde zenanlarymyzyň goşýan goşandyna mynasyp baha berýär.

Bu gün ýurdumyzda zenanlar uly alada bilen gurşalandyr. Şoňa görä-de, olar özleri hakdaky aladalardan ruhlanyp, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler, ata Watanymyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşandyny goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasynda enelik we çagalyk, maşgala gymmatlyklaryny saklamak bilen baglanyşykly aladany döwlet derejesinde ähmiýet berýär. Şonuň bilen baglanyşykly milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, çagalygyň we eneligiň goragyna gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, köp çagaly enelere durmuş goldawyny bermek boýunça guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz her ýyl öňdebaryjy zenanlary «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglaýar. Geçen ýylyň sentýabrynda, naýbaşy toýumyzyň bosagasynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda milli Liderimiz Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda degişli Permana gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, dürli ugurlarda çekýän yhlasly zähmeti, ýaş nesli watançylyk ruhunda ýokary ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlary üçin zenanlarymyzyň birnäçesine degişli ordenler gowşuryldy. Bu belent, abraýly sylag türkmen zenanlarynyň buýsanjyna buýsanç goşýar.

Halkara zenanlar gününe gabatlanyp sekiz we ondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy zenanlaryň toý şatlygyny goşalandyrýar. Şeýle hormatly ada mynasyp bolan zenanlaryň birnäçesine ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylýandygy hem aýratyn bellärliklidir. Geçen ýyl hormatly ada mynasyp bolan eneleriň birnäçesine öz maşgala agzalary bilen Gökdepe etrabynyň merkezinde bina edilen dört gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda jaý toýuny tutmak bagty miýesser etdi. Şeýle bagtyýar eneleriň hatarynda Ogulşeker Çopanowanyň hem-de Tyllagözel Begliýewanyň atlaryny agzamak bolar. Munuň özi berkarar Watanymyzda mynasyp nesli ösdürip, terbiýeläp ýetişdirmekde uly hyzmatlary bitirýän belent başly enelerimize goýulýan sarpanyň, maşgala gymmatlyklaryna berilýän ýokary ähmiýetiň nyşanydyr, zenanlaryň durmuş üpjünçiliginiň, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döwletiň üns merkezinde saklanýandygynyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Halkara zenanlar güni Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde hem uludan bellenilip geçilýär. Her ýylda ajaýyp sene mynasybetli ýurdumyzda şatlyk-şagalaňa beslenen dabaralar geçirilýär, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlary gowşurylýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 27-nji fewralynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde asylly däbe eýerip, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek bilen baglanyşykly Buýruga gol çekdi. Şu günler edara-kärhanalarda, guramalarda, bilim-terbiýeçilik ojaklarynda zenanlara döwlet Baştutanymyzyň pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Munuň özi häzirki täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň gülläp ösmeginde, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde uly işleri bitirýän zenanlarymyzyň hyzmatlaryna mynasyp baha berilýändiginiň, ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky asylly däpleriniň dowam etdirilýändiginden nyşandyr.

Ýurdumyzda eneleriň saglygy barada edilýän alada has-da guwandyrýar. Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyzda, şeýle-de ýurdumyzyň welaýatlarynda «Ene mähri» merkezleri hereket edýär. Bu merkezler eneleriň we çagalaryň saglygynyň goralmagynda we berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki zaman kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen bu merkezlerde geljegimiz bolan çagalaryň sagdyn kemala gelmeginde hem netijeli işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda gender syýasaty hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda ýurdumyz baý tejribe toplady. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda 2015 — 2020-nji ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy» hereket edýär we onuň çäginde degişli işler alnyp barylýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça Ýerine ýetiriji Geňeşiniň düzümine saýlanmagy bolsa, ýurdumyzyň bu ugurdaky işleriniň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýedigini görkezýär.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň uludan belleniljek ýylynda Ahal welaýatynda zenanlaryň arasynda baý many-mazmunly maslahatlaryň, duşuşyklaryň, bäsleşikleriň, aýdym-sazly medeni dabaralaryň geçirilýändigi, olara gelin-gyzlaryň, eneleriň işjeň gatnaşýandygy diýseň guwandyrýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan guralýan maslahatlaryň, duşuşyklaryň, bäsleşikleriň, dabaralaryň netijeliligi gazanylýar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň şu taryhy günlerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi tarapyndan yglan edilen «Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda welaýatymyzyň dokmaçylary üstünlikli çykyş etdi. Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşikde Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginiň göneldiji enjamynyň operatory Maral Gylyçmyradowa, Gökdepe etrabyndaky Dokma toplumynyň tikinçisi Jennet Agageldiýewa, Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginiň tikin enjamynyň operatory Gülşat Allagulyýewa dagydan ybarat topar birinji orna mynasyp bolmak bilen, olar hünärine ezberdiklerini, ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýandyklaryny subut etdiler. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda hem welaýatymyzyň zenanlary hünär başarnygyny aýdyň görkezmegi başardylar. Onda Sarahs etrap häkimliginiň işgärler we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek boýunça bölüminiň müdiri Perzana Babaýewa «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» ugry boýunça ýeňiji boldy.

Şu günler welaýatymyzyň çäginde dürli kärde işleýän zenanlaryň arasynda milli däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini wagyz-nesihat etmek boýunça çuň many-mazmunly maslahatlaryň geçirilýändigini hem belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan ugur alnyp geçirilýän maslahatlar ýaş gelin-gyzlarda aýratyn uly täsirleri galdyrýar. Olara halkymyzyň ruhy, ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylygyň ajaýyp nusgasy bolan Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň mysalynda ýaşlara gymmatly öwüt-ündewler edilýär.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan eden «Zenan kalby — bahar ýaly mylaýym» atly döredijilik bäsleşiginiň jeminiň jemlenendigini aýratyn nygtamak gerek. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň uludan belleniljek ýylynda zenanlaryň çekýän asylly zähmetini, Watanymyzyň ösüşine goşýan mynasyp goşandyny, döredýän nepis, çeper el işlerini, ýaş nesle edep-ekram, bilim-terbiýe bermekdäki, mukaddes maşgala ojagyny abat saklamakdaky tutýan ornuny döredijilikli beýan etmek maksady bilen geçirilen bäsleşigiň jemi jemlenende, ildeşlerimiziň oňa hödürlän makalalarynyň, oçerkleriniň, goşgularynyň, şahyrana eserleriniň many-mazmuny, çeperçilik aýratynlygy göz öňüne tutuldy. Änew şäherindäki Medeniýet öýünde bäsleşigiň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglandy.

«Agzybirligimizi, bitewüligimizi pugtalandyrmakda, ynsanperwer däplerimizi rowaçlandyrmakda, medeniýetimizi ösdürmekde, bagtyýar nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde zenanlarymyzyň orny örän uludyr» diýip, enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bitirýän hyzmatyna uly baha berýän, olaryň bagtyýarlygy ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, tutumly işleriniň, ajaýyp başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

 

Baýramsoltan MYRADOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.