Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZENAN BAGTY — DÜNÝÄ BAGTY

Halkymyzda «Zenan begense, Zemin begener» diýen ganatly söz bar. Zenanlaryň bagty dünýäniň bagtydyr, Watanyň abadançylygydyr. Zenanlaryň şatlygy tutuş adamzadyň şatlygydyr. Döwletli döwranymyza buýsanyp ýaşaýan eneleriň, mähriban gelin-gyzlaryň sarpasy hemişe, baýdak ýaly belentdedir. Munuň şeýledigine Halkara zenanlar güni mynasybetli ähli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalarda we guramalarda milli Liderimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak boýunça geçirilen dabaralar hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýaş nesilleriň beden, aň-bilim, ruhy-ahlak, durmuş taýdan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýakynda döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça duşuşygynda ýurdumyzyň zenanlarynyň we ýaşlarynyň döwrebap bilim-terbiýe almagy, olaryň döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşmagy, ýaşlarymyzy ata-babalarymyzdan gelýän milli ýol-ýörelgelerimize eýerip terbiýelemek babatda alnyp barylýan işlerde, olaryň arasynda maşgala mukaddesligini, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde jemgyýetçilik guramalarynyň möhüm orun eýeleýändigi barada aýdanlary, bu ugurdan zähmet çekýänleri has-da jebisleşip işlemäge ruhlandyrdy.

Geljege goýup boljak iň gymmatly miras terbiýeli, giň dünýägaraýyşly nesillerdir. Şo­ňa görä-de, nesil terbiýesi adamzadyň ömri bilen ömürdeş meselelerdir. Onuň häzirki döwürdäki wajyplygy tehnologiýalaryň ösüp-ör­ňäp, durmuşa giň­den ornaşýan, netijede, milli medeniýetleriň eriş-argaç baglanyşýan, bitewüleşýän döwründe giň dünýägaraýyşly, döwür bilen aýakdaş gitmegi başarýan, şonuň bilen bir hatarda, ýüregi «Ýurdum! Watanym!» diýip urýan, barha giň gerim alýan halkara gatnaşyklarda öz ýurdunyň bähbidini goramagy başarýan watansöýüji nesilleri ýetişdirmegiň, milli gymmatlyklary saklap galmagyň iň esasy şert bolup öňe çykýandygy bilen baglydyr. Şo­ňa görä-de, ýaş nesle zähmet, ahlak terbiýesini bermek eneatalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň esasy wezipesi bolup durýar.

«Gorkut ata» eposyndaky «Ogul atasyndan görelde almasa, saçak ýazmaz, gyz eneden görelde görmese, öwüt almaz» diýen gymmatly sözler terbiýäniň özeniniň göreldeden başlaýandygyny tassyklaýar. Ogul-gyz terbiýesine örän inçelik bilen çemeleşen, bu ugurda mekdeplik ýol-ýörelgäni miras goýan pederlerimiz «Edep bergidir, bermedige görgüdir», «Gyz edebi — il edebi», «Edep bilen bagt tapylar», «Ahlak altyndan gymmat», «El hünäri il gezer», «Edip beren ýeň­ňemden edep beren ýeň­ňem gowy» ýaly nakyllardyr atalar sözleriniň ençemesini terbiýe çelgisi hökmünde bize miras galdyrypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, ol nakyllaryň, gymmatly paýhas-pähimleriň ählisi «Paýhas çeşmesi» atly kitapda jemlendi.

Milli Liderimiz zenanlarymyzyň nesil terbiýelemekdäki ornuna ýokary baha bermek bilen, «Ene — beýikleri dünýä inderýän beýiklik» diýip nygtaýar. Türkmen gelin-gyzlary müň­ýyllyklaryň dowamynda özlerini watansöýüji, namysly-arly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süň­ňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadypdyr.

Halkymyzyň buýsançly hem-de şan-şöhrata beslenen, dünýä ýaň salan beýik geçmişinde adamzadyň iň ajaýyp gylyk-häsiýetlerini özünde jemlän Tumar şa, Zarina, Banu Çeçek, Burla hatyn, Agaýunus, Harmandäli, Gülaýym, Türkan hatyn, Mähri hatyn, Gülbeden begim, Jahan hatyn ýaly türkmen gelin-gyzlary Watany, ar-namysy goramakda, türkmen medeniýetiniň baýlaşmagynda öçmejek yz galdyrypdyrlar. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejemiz nesil terbiýesi, görüm-görelde babatda biziň her birimiz üçin uly mekdepdir. Ogulabat ejäniň türkmençilikden, jemgyýetçilik aňynyň ähli ugurlaryndan oňat baş çykarýandygy, agraslygy, mähribanlygy we türkmen zenanyna mahsus beýleki häsiýetleri barada «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitapda orun berlen gymmatly maglumatlar terbiýeçilik işinde hem möhüm ähmiýete eýedir.

Mil­li Li­de­ri­miz ze­nan­la­ry­my­zyň ne­sil ter­bi­ýe­le­mek­dä­ki or­nuna ýo­ka­ry ba­ha ber­mek bi­len, «Ene — be­ýik­le­ri dün­ýä in­der­ýän be­ýik­lik» di­ýip nyg­ta­ýar. Türkmen ge­lin-gyz­la­ry müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da öz­le­ri­ni wa­tan­sö­ýü­ji, na­mys­ly-ar­ly, sa­ly­hat­ly, ak ýü­rek­li, gaý­rat­ly, süň­ňi sag­dyn, my­la­ýym, çe­per hü­när­li, maş­ga­la­nyň ag­zybir­li­gi­ni, oja­gyň ýy­ly­sy­ny sak­la­ýan asyl­ly maş­ga­la­lar hök­mün­de dünýä ta­na­dyp­dyr.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, mähribanlygy we mylaýymlygy, wepalylygy we paýhasy, gözelligi we kämilligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna hormat, sarpa goýulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlar hakyndaky alada, olaryň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen kadalara laýyklykda, gender deň­ligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu günki gün ýurdumyzyň gender deň­ligi syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrýan çäreleri abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň 2015-nji ýylda BMGniň Gender deň­ligi we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini gi­ňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji ge­ňeşine, 2018 — 2020-nji ýyllarda BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji ge­ňeşine, şeýle hem Zenanlaryň hukuk ýagdaýy baradaky topara saýlanmagy bilen, ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän işler has-da işjeň­leşýär.

Indi birnäçe ýyldan bäri ýurdumyzyň köp çagaly enelerine Gahryman Arkadagymyzyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy zenanlaryň ajaýyp zamanamyzyň kemala gelmegine goşýan uly goşandyna, ata-babalarymyzyň belent ýörelgelerine mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirýändigine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Ata-babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan gelýän asylly ýörelgeleri, eziz Diýarymyzda alnyp barylýan tutumly işleri ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan «Halal zähmet — döwletli maşgala», «Berkarar döwletimiz rowaçlyk ýolunda», «Alkyşlaryň gözbaşysyň, Arkadag!», «Pederleriň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi» atly maslahatlar, «Ýaşlary terbiýelemekde ruhy mirasymyzyň ähmiýeti», «Gyz edebi — il edebi» atly wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Biz, Zenanlar birleşiginiň agzalary şeýle ajaýyp ýurtda ýaşaýandygymyza buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmak biziň üçin belent mertebedir. Bu ugurdaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda güýçlendirmegiň möhüm borjumyzdygyna düşünýäris. Ýaşlary ösen tehnologiýalar döwrüniň talaplaryna laýyk, maşgala gymmatlyklaryna, milli däp-dessurlara sarpa goýmak, Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

 

Gurbangül ATAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.