Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AWAZADA GEÇIRILEN OKUW MASLAHATY

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde TKA-nyň Daşoguz welaýat, etrap birleşmeleriniň ýolbaşçy-hünärmenleriniň, ýerlerdäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda «Milli Lider bilen Watan berkarar, Arkadagymyzyň saýasynda ilimiz bagtyýar» atly okuw maslahaty geçirildi.

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen okuw maslahatynyň ilkinji gününde onuň dabaraly açylyşy boldy. Onda okuw maslahatynyň geçirilmeginiň maksady, iş tertibi, ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler bilen oňa gatnaşyjylar tanyşdyryldy. Soňra birnäçe ugurlar boýunça bölekleýin okuwlar dowam etdirildi. Olarda çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk gülläp ösmegi ugrunda kabul edýän kanunlarydyr permanlaryny wagyz etmekde KA-nyň birleşmeleriniň, ilkinji guramalarynyň öňünde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Okuwlaryň dowamynda özara sowal-jogaplar, pikir alyşmalar guraldy.

Okuw maslahatynyň dowam edýän günlerinde oňa gatnaşyjylar bilen dürli medeni-köpçülik, dynç alyş çäreleri geçirildi. Welaýatymyzdan baran medeniýet, sungat işgärleri sagaldyş we dynç alyş merkeziniň medeniýet öýünde aýdym-sazly, şowhunly çykyşlary bilen geçirilýän çäräni has hem dabaralandyrdylar. Okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça gyzykly sport ýaryşlary guraldy. Bu ýere ýygnananlar gojaman Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda pyýada gezmek, Awazanyň gözel ýerlerine syýahat etmek bilen, boş wagtlaryny manymazmunly geçirdiler.

 

Annageldi BEKIÝEW, «Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.