Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ZENAN-ZYNATY” ATLY ÖWÜT-ÜNDEWLI WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Şu gün “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan guralan “Zenan-zynaty” atly öwüt-ündewli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresine “Türkmenaragatnaşyk” agentligine degişli edara-kärhanalarynyň zenan işgärleri gatnaşdylar. Çäräni Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Ogulbahar Allanazarowa açyp, onda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Gurbangül Ataýewa, Türkmenistanyň telewideniýe we radio gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Watan” radioýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlaýjysy we alyp baryjysy (kümüş saçly ene) Jahan Gurbanlyýewa,  “Aşgabat şäher telefon ulgamy” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň “09” sorag-jogap we serwis gullugynyň başlygy Aýnabat Amanmyradowa çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.