Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

YLHAMYŇA JOŞGUN BERÝÄN AWAZA

Öňem habar berşimiz ýaly, ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde TKA-nyň welaýat, etrap birleşmeleriniň ýolbaşçylaryň, hünärmenleriniň, KA-nyň käbir ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, dürli pudaklarda göreldeli zähmet çekýän işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda «Milli Lider bilen Watan berkarar, Arkadagyň saýasynda ilimiz bagtyýar» atly okuw maslahaty bolup geçdi.

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýörite meýilnamasy esasynda guralan okuw maslahatynyň turuwbaşdan uly ruhubelentlik we işjeňlik häsiýetine eýe bolandygy bellärliklidir. Bäş günläp dowam eden okuw maslahatynyň ilkinji güni «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkeziniň medeniýet merkeziniň mejlisler eýwanynda bolup geçen açylyş dabarasynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew çykyş edip, okuw maslahatynyň geçirilmeginiň maksady, wezipeleri, onuň iş tertibi, ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler bilen tanyşdyrdy.

Soňra okuw maslahaty birnäçe  ugurlar boýunça bölekleýin okuw görnüşinde dowam etdi.

TKA-nyň welaýat, etrap birleşmeleri, ilkinji guramalary zähmetkeşleriň adyndan wekilçilik etmek bilen, öz agzalarynyň iş borçlaryny düşündirmäge, hukuklaryny goramaga, iş beriji bilen ony ýerine ýetiriji taraplaryň arasyndaky gatnaşyklary sazlamaga, önümçilik kärhanalarynda, durmuş-medeni ulgamlarda tertip-düzgüni pugtalandyrmaga, zähmetkeşler üçin dynç alyş şertlerini döretmäge, sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýerilmegine, netijede ýokary zähmet öndürijiliginiň gazanylmagyna ýardam edýär. Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi edaralaryna ýüz tutýan adamlaryň taýýarlamaly resminamalary, olaryň iş bilen üpjün edilmek mümkinçilikleri, zähmet şertnamasyny baglaşmagyň, üýtgetmegiň, ýatyrmagyň ýa-da ony gaýtadan dikeltmegiň tertibi KA-nyň birleşmeleri we guramalary tarapyndan ilata düşündirilýär. Şular barada TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi Begenç Rejepow her günki geçilýän bölekleýin okuwlarda düşündirdi.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň halkara abraýyny, milli ösüş depginini ýokary götermek ugrunda alyp barýan içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde KA-nyň öňünde durýan wezipeler dogrusynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Mämmetdurdy Muhammedow, KA-nyň birleşmelerinde we guramalarynda maliýe resminamalarynyň ýöredilişi, sanly ykdysadyýetiň durmuşymyza ornaşdyrylyşy hakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň maliýe bölüminiň müdiri Laçyn Amantaganowa, zähmetkeşleriň arasynda medeni-köpçülik işlerini guramak, resmi iş kagyzlaryny ýöretmek barada TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Gylyçdurdy Haýdarow, Zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi babatda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi Öremyrat Kulmedow dagy okuwlary guradylar.

KA-nyň işewür agzalarynyň gatnaşmagynda guralan özara sowal-jogap alyşmalar, pikir alyşma häsiýetli çekişmeler, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler adaty ýagdaýa öwrüldi.

Okuw maslahatyna dürli pudaklarda netijeli zähmet çekýän öňdebaryjy adamlar gatnaşdylar.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Akdepe etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň çägindäki bugdaýyň ýöriteleşdirilen «Saýlantgy» tohum hojalygynyň müdiri, guýmagursak daýhan Aşyrmuhammet Soýünowyň, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň şaly kärendeçisi Tirkeş Baýryýewiň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden gelen daýhan ýigit Kudratbek Rozmetowyň söhbetlerinde ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek we özgertmek babatda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi, oba hojalyk önümleriniň hasyllylygyny artdyrmak, tohumçylyk dogrusynda özara pikir alyşmalar öz beýanyny tapdy.

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň mugallymy Meret Ýagşyýew, 47-nji orta mekdebiň mugallymy Jumadurdy Garagulow, Gurbansoltan eje adyndaky etrap häkimliginiň 7-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gunça Ömürowa, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň mugallymy Aýgözel Amanýazowa, Ruhubelent etrabynyň 1-nji çagalar-bakja bagynyň müdiri Arazgül Agajanowa dagynyň çykyşlary bilim-terbiýeçilik edaralarynda işleriň alnyp barlyşy, bilimiň hiliniň dünýä ülňülerine laýyk guralyşy, okatmakda maglumat we innowasion tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylyşy, bilim ojaklarynda sanly ulgamy peýdalanmagyň ähmiýeti hakynda boldy.

Şeýle hem maslahatyň dowamynda maliýe we ykdysadyýet, medeniýet, sport, saglyk, jemagat hojalygy ulgamlarynyň göreldeli işgärleri birek-biregiň iş tejribelerini öwrendiler, her bir ulgamda ýerine ýetirilmeli işler, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdylar.

TKA-nyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde guralan okuw maslahatynyň geçýän günlerinde oňa gatnaşyjylar bilen dürli medeni-köpçülik, dynç alyş çäreleri guraldy. Welaýatymyzdan baran medeniýet we sungat işgärleri sagaldyş we dynç alyş merkeziniň medeniýet öýünde aýdym-sazly, şowhunly çykyşlary bilen köpçüligiň göwünlerini galkyndyrdylar. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen gyzykly sport ýaryşlary adamlara keýpiçaglyk we şähdaçyklyk bagyşlady.

Okuw maslahatynyň geçýän döwründe ir säher bilen we agşam çaglary gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda pyýada gezmegiň lezzeti başgaça boldy. Deňziň kenarynda durup, onuň gözelliklerini synlamak ruhuňy galkyndyryp, göwün guşuňy asmana uçurýar. Bu ýerde deňziň üstünden gelip ýüzüňi ýelpeýän mymyjak şemalyň, biri-biriniň yzyndan kowalaşyp gelip kenara urulýan ownujak tolkunlaryň, ýokarda gaýyşyp perwaz edýän ak çarlaklaryň owazy gatyşyp, özboluşly mukamy emele getirýär. Hawa, gözel Awazanyň şeýle ajaýyp mukamyny diňläp durkaň seriňi täze pikirlerden dolduryp, gojaman Hazaryň ylham deňzi bolup kalbyňy joşduryşy hiç neneň däl. Hazaryň kenary ajaýyp duýgulary bagyşlaýar. Bahry-Hazar, hatda ony ilkinji gezek synlaýan adam üçin hem örän mähriban, juda tanyş duýulýar.

 

Kenaryňa gelip, didar görüşdik,

Gojaman Hazarym, möwçli deňzim.

Biz öň nirelerde gabat gelişdik,

Juda tanyş gördüm mähriban meňziň.

 

Tolkunlaryň pikir-oýlarym ýaly,

Kowalap gelýärler biri-birlerin.

Göwnüm uçýar arzuw, umytdan doly,

Ak çarlak deý açyp ganat-perlerin.

 

Möwjüň ýüregimiň joşguny ýaly,

Urunýar, çyrpynýar bermän karary.

Sen meniň mähriban enem mysaly,

Mähir bilen hüwdüleýäň kenary.

 

Üstüňde gurlan dek ömrümiň saly,

Kürekläp barýaryn men saňa sary...

 

«Gämiler dünýäsi» muzeýine, gezelenç gämisinde «Awaza» derýasyna edilen gezelençler hemmelerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

«Çarlak» gämisinde Gyzylsuw adasyna guralan gezelenç pursadynda deňziň we adanyň tebigy gözelliklerini ýakyndan synlap durkak, ak çarlaklaryň bir topbagy täsin öwrümler edip, ýokarymyzda perwaz urdular. Ak guşlar, ak gämi, uzaklardan ak merjen bolup görünýän gözel Awazanyň ýalkymy birenaýy görnüşe öwrülip, kalplarymyza nagyş bolup siňdi. Bu täsin görnüşleri gezelençden gaýdyp gelenimizden soň şahyr Jumadurdy Garagulow goşgy setirlerinde beýan etdi.

Gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşen ýurdumyzyň milli syýahatçylygynyň merjeni bolan gözel Awazada guralan okuw maslahaty oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyryp tamamlandy. Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinden howa gämisinde Daşoguza perwaz edenimizde Bahry-Hazaryň ummasyz giňligini ep-esli menzile çenli synlap gaýtdyk. Ondan soň başlanan Garagumuň giň sähralary bizi menzilimize atardy. Biziň Watanymyzyň şeýle giňligi, gözel görnüşi kalbymyzy buýsanç hem guwanç duýgularyndan doldurdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkynyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, işlemegi, döretmegi, dynç almagy üçin tükeniksiz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

Annageldi BEKIÝEW, öz habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.