Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“TÜRKMENISTAN AZERBAÝJAN DÖWLETINE HYZMATDAŞLYK ÝÖRELGELERI NETIJELI GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEK” ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA GEPLEŞIGI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, hem-de “Miras” Teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamaklarynda «Türkmenistan - Bitaraplyk mekany» ýyly mynasybetli şeýle hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer daşary we içeri syýasatlaryny durmuşa ornaşdyrmakda “Türkmenistan Azerbaýjan Döwletine hyzmatdaşlyk ýörelgeleri netijeli gatnaşyklary ösdürmek” atly tegelek stoluň başynda gepleşigi geçirildi.

Gepleşigi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Bezirgen Ataýew alyp baryp, onda Türkmenistanyň bilim ministrliginiň ”Diller dünýäsi” dil merkeziniň mugallymy- Merdan Araýew, Magtymguly adyndaky TDU-nyň Dünýä taryh fakultetiniň  Jeren Öwezowa, Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary we diplomasiýa kafedrasynyň mugallymy Suraý Hemraýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Baýramgül Baýramdurdyýewa çykyş etdiler.

 

Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölümüniň esasy hünärmeni  Ogulnar Baýramowa

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.