Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ŞANLY BITARAPLYGA — BATLY GADAMLAR BILEN

Geçen hepdede Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda şu ýylyň 9-15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Şanly Bitaraplyga — batly gadamlar bilen!» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň welaýatlarynyň öňdebaryjy kärdeşler arkalaşyklary birleşikleriniň hünärmenleri hem-de agzalary gatnaşdylar. Biz bolsa okuw maslahatynyň özlerinde galdyran täsiri dogrusynda olaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Döwrangeldi HOJAMGULYÝEW, Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň tehniki gözegçisi:

— Hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen maslahatda çykyş eden agzalarymyz ata Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryny buýsanç bilen belläp geçdiler. Okuw maslahatyň çäklerinde zähmet şertleri — işiň barşynda işgäriň saglygyna we işe ukyplylygyna täsir edýän önümçilik gurallarynyň iş wagtynda howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi, gazanylan netijeler, ýaşlary zähmete çekmegiň hem-de höweslendirmegiň ýollary dogrusynda gyzykly çykyşlar diňlenildi. Bulardan başga-da, ýöriteleşdirilen sport ýaryşlary geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar bu çärelere höwesli gatnaşdylar. Biz — jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri mundan beýläk hem Gahryman Arkadagymyzyň adyl syýasatlaryny wagyz etmekde we ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmekde arman-ýadaman zähmet çekeris.

surat

Nigara SAIDOWA, Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy:

— Gülleýän, gül açýan Watanymyzda şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgatly barýan Lebap welaýatynyň edermen babadaýhanlary her ýyl oba hojalyk önümçiligini ösdürmekde uly üstünlikler gazanýarlar. Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň hem-de Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleriniň guramaklarynda geçirilen okuw maslahaty biziň işimizi kämilleşdirmekde, täze usullary öwrenmekde köp mümkinçilikleri döretdi. Ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki kärdeşlerimizi bir ýere jemlän okuw maslahatynyň çäklerinde «Tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik, sport çäreleri geçirildi, özara sowal-jogap alyşyldy. Munuň özi geljekde tejribämizi has-da artdyrmaga itergi berdi.

Akgözel HOJALYÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy:

— Berkarar döwletimiziň hemişe lik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň halkara derejesinde dabaraly belleniljek ýylynda welaýat kärdeşler arkalaşygynyň birleşmesiniň alyp barýan işleri uly ösüşlere eýe bolýar. «Türkmenistan — Bitaraplyk mekany» ýylynyň mart aýynyň 9-15-i aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Agrosenagat toplumynyň işgärleriniň hem-de Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşleriniň guramaklarynda geçirilen okuw maslahaty örän guramaçylykly we täsirli geçdi. Okuw maslahatyna gatnaşyjy hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň adam saglygy baradaky gymmatly aladalarynyň netijesinde özümize goýlan sylag-sarpadan, edilýän hyzmatlardan örän hoşal bolduk. Bizi bagtly eşretlere ataran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

 

Ýazga geçiren Altyn BAÝRAMDURDYÝEWA, ýörite habarçy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.