Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BITARAPLYGYŇ BAHARY” ATLY AÝDYM-SAZLY DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

 Ýakynda Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgarleriniň KA-nyň Geňeşi tarapyndan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde Milli bahar baýramy mynasybetli “Bitaraplygyň bahary” atly aýdym sazly dabaraly çäre geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň milli däp-dessurlaryny ösdürmek, ene-mamalarymyzyň gadymdan gelýän el hünärine ýaşlarda höwes döretmek hakyndaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, geçirilen bu çärede  talyp gelin-gyzlar el işleriniň dürli görnüşleri we milli tagamlary taýýarlap saçak bezemek boýunça bäsleşdiler. Çäräniň dowamynda “Laçyn” folkýor toparynyň şowhunly çykyşlary,  Türkmenistanyň Milli muzeýiniň amaly haşam sungaty eserleriniň göçme sergisi hem bu dabara aýratyn öwüşgün berip,  çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Dabara gatnaşyjylar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Eziz Arkadagymyza alkyşly sözler aýtdylar.

surat     surat

 

Ogulbahar Allanazarowa,

Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň  kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň  başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.