Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EZBERLER ÖŇE SAÝLANDY

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan her ýyl geçirilýän Milli sport oýunlarynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap tapgyry geçirildi. Etrap merkezindäki 1-nji çagalar-ýetginjekler sport mekdebinde geçirilen bäsleşige türgenleriň 100-den gowragy gatnaşyp, etrabyň birinjiligini almaga dalaş etdi.

Milli göreş etrapda sportuň meşhurlyga eýe bolan görnüşidir. Şol sebäpli Milli sport oýunlarynyň etrap tapgyrynda pälwanlaryň çykyşy has hem çekeleşikli boldy. Dürli agram ölçeginde geçen bäsleşikde Şöhrat Begmyradow, Otuzmyrat Jumageldiýew, doganlar Geldimyrat, Goçmyrat Balowlar öz agram ölçeglerinde etrabyň birinjiligini gazandylar. Goçmyrat Balow ähli garşydaşlaryndan üstün çykyp, «Pälwanlaryň pälwany» diýen derejä eýe boldy. Küşt, düzzüm boýunça bäsleşikler erkekleriň we aýallaryň arasynda aýratynlykda geçirildi.

Küşt boýunça Hudaýberdi Annaýew, Jemal Garýagdyýewa, düzzüm boýunça Guwançmyrat Ödetaganow, Sapargül Annaýewa ýeňiji boldular. Ýaglyga towusmakda etrabyň birinjiligini Sapargeldi Nazarow eýeledi.

Milli sport oýunlarynyň etrap tapgyrynyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary, Hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle hem olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Milli sport oýunlary boýunça bäsleşikler welaýatyň beýleki etraplarynda hem geçirilýär.

 

Şöhrat ABDYÝEW, öz habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.