Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLI SPORT OÝUNLARY

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek bilen bagly edilýän tagallalardan ugur alnyp hem-de güýçli türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen yglan edilen Milli sport oýunlarynyň XXI spartakiadasynyň Tejen etrap tapgyry geçirildi. Etrabyň sport mekdebinde geçirilen ýaryşlara dürli kärdäki we hünärdäki ildeşlerimiziň onlarçasy gatnaşdy.

Milli sport oýunlarynyň spartakiadasy milli göreş, düzzüm, küşt we ýaglyga towusmak ýaly görnüşleri öz içine aldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň Sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen bu giň göwrümli sport ýaryşy “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylyna özboluşly röwüş goşup, zähmetkeşleriň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgesine eýerýänleriň günsaýyn artýandygyny görkezdi.

Milli göreş tutluşyklarynda agram derejeleriň onusy boýunça güýç synanyşan pälwanlaryň iň güýçlüleri ýaryşyň ýeňijileri boldy. Düzzüm, küşt we ýaglyga towusmak ýaly görnüşlerde hem güýçli ildeşlerimiz öňe saýlandy. Baýrakly orunlara mynasyp bolanlara guramaçylar tarapyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy hem-de ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk berildi.

 

Orazgeldi BAÝRAMOW, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Te­jen et­rap bir­leş­me­si­niň baş­ly­gy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.