Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KÄRDEŞLER HAZARYŇ KENARYNDA OKUW-MASLAHATDA BOLDULAR

16-20-nji mart aralygynda gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň guramagynda «Türkmenistan — Bitaraplyk mekany — gözel Diýar baky bahar mukamy» atly okuw-maslahaty geçirildi. Maslahata Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary hem-de telekeçiler gatnaşdylar.

 surat

Okuw-maslahatyny Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramasynyň başlygy, ykdysady ylymlaryň kandidaty G.Rejepow hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Metbugat sekretary, edaranyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy M.Apbaýewa dagy alyp bardylar. Okuw-maslahatynda ilki bilen «Türkmenistanyň zähmet kodeksi», zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk çäreleriniň geçirilişi barada ýüze çykýan meseleler dogrusynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Balkan welaýat birleşmesiniň tehniki gözegçisi G.Öwezow mysallaryň üsti bilen gyzykly gürrüňler aýtdy. Şeýle hem «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň tertipnamasy we düzgünnamalary barada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň hukuk gözegçisi A.Awenesýan myhmanlaryň gyzyklanýan soraglaryna jogap berdi. Şeýle-de edara-kärhanalardan çagyrylan birnäçe myhmanlar çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň söwda ulgamynda alnyp barylýan işler dogrusynda hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaş telekeçilere döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde, döwletimiziň önümçilik kuwwatynyň artyp, milli ykdysadyýetimize ýetirýän oňyn täsirleri hem-de düzgün-tertibi berkitmekde, söwda medeniýetiniň ösmegi ugrunda öz edara-kärhanalarynda wagyz-nesihat işleriniň yzygiderli amala aşyrylmagyny nygtadylar. Çykyşlaryň dowamynda söwda ulgamynda zähmet çekýän Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň arasynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bu ugurda amala aşyrylan giň göwrümli işler dogrusynda hem-de iş ýüzünde ýüze çykýan meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Okuw-maslahaty milli Liderimiziň alyp barýan içerki hemde daşarky syýasatyny wagyz etmek, söwda ulgamynyň önümçilik kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak, söwda medeniýetini ösdürmek baradaky gürrüňler bilen utgaşyp gitdi.

Ýurdumyzyň her bir raýatyny, ösüp gelýän ýaş nesli sagdyn ruhda terbiýelemek mähriban Arkadagymyzyň üns berýän esasy meseleleriniň biridir. Şol mynasybetli hem okuw-maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar «Daýanç» sagaldyş merkeziniň döwrebap sport desgalary bilen üpjün edilen sport zallarynda, meýdançalarynda köpçülikleýin sport çärelerini guradylar. Şeýle-de tegelek stoluň başynda söhbetdeşlikler guralyp, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň agzalary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap berdiler.

Okuw-maslahatynyň ahyrynda myhmanlar Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmakda döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz sagbolsun aýtdylar.

 

Ogulsoltan IŞIMOWA, Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.