Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLI SPORT OÝUNLARYNYŇ USSATLARY

Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi ta­ra­pyndan yg­lan edi­len Mil­li sport oýun­la­ry­nyň spar­ta­kia­da­sy zäh­met­keş­leriň ara­syn­da bar­ha uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne şu gün­ler we­la­ýa­ty­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan bu sport ýa­ry­şy­nyň şä­her­dir et­rap tap­gyr­la­ry aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

BÄ­HER­DEN. Mil­li sport oýun­la­ry­nyň XXI spar­ta­kia­da­sy­nyň et­rap tapgy­ry et­ra­byň döw­re­bap sport mek­de­bin­de ge­çi­ri­lip, oňa zäh­met­keş­ler uly hö­wes bi­len iş­jeň­lik­de gat­naş­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­rynyň et­rap bir­leş­me­si hem-de et­ra­byň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty bö­lü­mi ta­rapyn­dan bi­le­lik­de gu­ra­lan ýa­ry­şa gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ryn­da zäh­met çek­ýän ýaş­la­ryň, oba ýa­şaý­jy­la­ry­nyň, gel­je­gi umyt­ly tür­gen­le­riň gat­naş­ma­gy oňa gy­zyk­lan­ma­ny has-da art­dyr­dy. Spar­ta­kia­da­nyň düz­gün­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, oňa gat­na­şy­jy­lar spor­tuň mil­li gö­reş, düz­züm, küşt we ýag­ly­ga to­wus­mak ýa­ly gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ukyp-ba­şar­ny­gy­ny gör­kez­di­ler. Mu­nuň üçin sport mek­de­bin­de äh­li oňaý­ly şert­ler üp­jün edil­di. Bu bol­sa, ýa­ry­şyň gu­ra­ma­çy­lyk­ly geç­me­gi­ni şert­lendir­di.

Mil­li gö­reş gör­nü­şin­de päl­wan­lar ag­ram de­re­je­le­riň onu­sy bo­ýun­ça tutluş­dy hem-de her ag­ram­da güýç­lü­ler öňe saý­lan­dy. Düz­züm­de Hur­ma Gara­mäm­me­do­wa, küşt­de Hur­ma Gel­di­ýe­wa, ýag­ly­ga to­wus­mak­da Işan­gel­di Ata­ýew ýe­ňi­ji bol­dy. Ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bo­lan­la­ra ýö­ri­te sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy we we­la­ýat tap­gy­ry­na gat­naş­ma­ga hu­kuk be­ril­di.

 

Döwletnazar BABANAZAROW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.