Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MILLI SPORT OÝUNLARYNYŇ USSATLARY

AK BUG­DAÝ. Et­ra­byň sport mek­de­bin­de Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len Mil­li sport oýun­lary­nyň no­bat­da­ky spar­ta­kia­da­sy­nyň et­rap tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Spar­ta­kia­da­nyň gu­ra­ma­çy­lyk­ly geç­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň et­rap bir­leş­me­si hem-de et­ra­byň Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty bö­lü­mi uly tagal­la et­di­ler. Oňa et­ra­byň eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň zäh­met­keş­le­ri gat­naş­dy.

Spar­ta­kia­da­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da oňa gat­na­şy­jy­la­ra üs­tün­lik ar­zuw edil­di, mil­li sport oýun­la­ry­na aý­ra­tyn sar­pa go­ýup, onuň ös­dü­ril­me­gi­ne tagal­la ed­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na al­kyş söz­le­ri aý­dyl­dy. Soň­ra sport mek­de­biniň zal­la­ryn­da ýa­ryş­lar ba­dal­ga al­dy.

Spar­ta­kia­da­nyň do­wa­myn­da zäh­met­keş­ler spor­tuň mil­li gö­reş, düz­züm, küşt we ýag­ly­ga to­wus­mak ýa­ly gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça öza­ra güýç sy­na­nyş­dylar. Mil­li göreş bo­ýun­ça tut­lu­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de 48 ki­log­ram ag­ram de­re­jesin­de Ra­hat Mü­li­ýew, 52 ki­log­ram ag­ram­da Tir­keş Ber­di­ýew, 57 ki­log­ram ag­ram­da Şa­gel­di Ça­ry­ýew, 62 ki­log­ram ag­ram­da Toý­ne­pes Ho­ja­ne­pe­sow, 68 ki­log­ram ag­ram­da Gur­ban­gel­di Gur­ban­gel­di­ýew, 74 ki­log­ram ag­ramda Re­jep­gu­ly Baý­ram­dur­dy­ýew, 82 ki­log­ram ag­ram­da Şa­dur­dy My­ra­dow, 90 ki­log­ram ag­ram­da Baý­ram Apa­now, 100 ki­log­ram ag­ram­da Baý­ram Seýit­li­ýew, 100 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­sin­de An­na­dur­dy Ba­ba­ýew üs­tün çyk­dy. Düz­züm­de Ata­jan Me­le­şow, küşt­de Mäm­met­gu­ly Me­ret­dur­dyýew, ýag­ly­ga to­wus­mak­da Aý­my­rat We­li­ýew üs­tün çyk­dy. Spar­ta­kia­da­nyň et­rap tap­gy­ry­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­ne ýö­ri­te sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.

 

Yhlas SAPAROW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.