Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“NOWRUZ GELDI ILIME!”

Ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni uly dabaralara beslenip, “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda bu baýramçylyk aýratyn uly öwüşgine eýe boldy. Çünki bu nurana baýramyň ruhunda hoşniýetli gatnaşyklaryň, birek-birege hormat-sarpanyň, arkalaşygyň taryhy däpleri, nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýesi, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy, geljegimize beýik ynamy jemlenendir. Nowruz – täze gün, täze durmuş.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Bu gün türkmen halky öz Milli Lideriniň saýasynda bedew batly gadamlar bilen barha öňe barýar. Ine, şol günler hem, Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň çar künjeginde dabaraly ýagdaýda bellenip geçirilýär. Bagşylarymyz aýdymdyr-sazlary, belent owazlary bilen şahyrlarymyzyň ylhamynyň joşguny möwç urup gelen baharyň waspyny ýetirýärler. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany”  ýylynda ýurdumyzda bellenilen Nowruz baýramçylygy ajaýyp däpleriň, milli medeniýetiň nesilden-nesile geçirijiligini şöhlelendirip, öz ähli durkunda hasda şöhle saçýar.

Parahatçylygy, abadançylygy we ylalaşygy alamatlandyrýan Nowruza bagyşlanan baýramçylyk çäreleri Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda giňden ýaýbaňlandyrylýar. Nowruz baýramçylygynda diýarymyzyň ähli künjeginde toý saçaklary ýazylyar, gazanlarda naharlar atarylýar, milli tagamlar bolan pişme we semene bişirilýär. Dünýä döwletleriniň biri-biri bilen gatnaşyk açmaga ýardam berýän baýramçylyklaryň biri hem Nowruz baýramydyr. Milli Nowruz baýramçylygyny hemişe tebigatyň janlanmagy bilen baglanyşdyrypdyrlar, ol täzelenşiniň üýtgewsiz nyşany bolmak bilen, şatlyk we tebigata öwüşgünlik getirýär. Obalarda, şäherlerde, ýörite meýdançalarda hiňňildikler dikilýär. Al-elwan bolup duran meýdanda hoş owazly gyz-gelinler, basan ýerinden ot çykyp duran ýigitler bezelen geýnişip, owsun atyp ýöriş edýärler, aýdym aýdyp, saz çalýarlar, tans oýnaýarlar, milli oýunlarymyzy oýnaýarlar, folklor toparlarymyz giňden çykyş edip, gadymy däp dessurlarymyzy ile ýaýýarlar..

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp günlerinde giňden bellenilýän Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz gününiň şanyna “Aşgabatýylylyk” trestiniň kärdeşler arkalaşygy guramasy  hem-de administrasiýasy bilen bilelikde berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin yhlasly zähmet çekýän, döredýän, gurýan, eziz trestiň işgärleriniň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýmak, ruhlaryny has-da galkyndyrmak  maksady bilen trestimizde baýramçylyk çäresi geçirildi.  Şeýle hem, Milli Bahar baýramy we ynsanperwer bitewiliginiň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk çäresine gatnaşan “Aşgabatýylylyk” trestinde zähmet çekýän zenanlar çäräniň has-da görkine görk goşdylar. 

2020-nji ýylyň 20-nji martynda trestiň dabaraly baýramçylyk çäresiniň geçirilýän ýerinde gurlan altyganat gara öýi, türkmeniň milli tagamy bolan pişmäni we nowruzyň nyşany bolan semenäni taýýarlamak üçin ir säherde atarylan toý gazany, ýüzärlik otyny tütetmegi, erkana parlaýan Döwlet baýdagymyz, agzybir işgärlerimiziň tanslary, gülki-şatlyklary tebigatyň ýazky janlanmasynyň hormatyna bu gadymy baýramçylygyň çuňňur özboluşlylygyny ýüze çykardy. Gurnalan baýramçylyk saçagynda sazlaşykly utgaşan, nowruzyň nyşany bolan semeni we hoşboý ysly pişmeler  hödür-kerem edildi. Nowruzyň gelmegi bilen täze durmuş täze döwür başlanýar. Baýramçylyk çärämizde çagalaryň hem gatnaşmagy olar özleriniň goşgulary bilen çykyş etmekleri baýramçylyga has hem şowhunlandyrdy. Şeýle hem dört aýakly gahrymanlar - türkmen alabaýynyň naşyja güjüjeginiň hem-de guzyjygyň baýramçylyk çäremizi has hem gyzyklandyrdy.

“Aşgabatýylylyk” trestiniň agzybir işgärleri, hormatly myhmanlaryň ählisini Milli Bahar baýramy - Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden, mähirli gutlanyldy. Olaryň durmuşyňyzyň bahar paslynda türkmen sährasyna ýazylan haly deý güllerden dolup durmagyny arzuw edildi.

surat

Ýokary deredeje ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda, bize şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş beren, türkmen milletini baky bagta ýaran eden mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyşlar aýdylyp, janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny, il bähbitli-adamzat ähmiýetli tutýan ähli tutumlarynyň rowaç almagyny arzuw etdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarly döwrüniň rowaçlyklary bu buýsançly baýramçylykda öz mynasyp beýanyny tapdy.

 

“Aşgabatýylylyk” trestiniň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň  başga işlerden boşadylan başlygy Myradowa M.B.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.