Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄSIRLI GEÇEN OKUW MASLAHATY

Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň hem-de gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşi tarapyndan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Daýanç» sagaldyş-dynç alyş merkezinde geçirilen «Şanly Bitaraplyga — batly gadamlar bilen» atly okuw maslahaty hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuny dabaralandyrmaga bagyşlandy. Kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli sebitlerdäki ýolbaşçylaryny, wekillerini, işjeň agzalaryny gözel künjege jemlän bu okuw maslahaty egsilmez ruhubelentlige beslendi. Onuň dürli görnüşli sport çäreleri hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözel künjeklerine gezelençler bilen utgaşyp gitmegi medeniýetli dynç almaga şert döretdi.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmekde durmuşa geçirýän özgertmeleriniň many-mazmunyny, maksatlaryny, bu işleriň berkarar döwletimiz, mähriban halkymyz üçin bähbitlerini jemgyýetçilige düşündirmek, adamlaryň arasynda wagyz etmek biziň möhüm wezipämiz bolup durýar. Önümçilik birleşigimiziň kärdeşler arkalaşyklarynyň wezipesi, esasan, oba hojalykçylaryň, gallaçylaryň arasynda bu işleri giňden ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek babatda amala aşyrýan her bir özgertmesine işjeň agzalarymyz uly üns berýärler we bu hakda öňe sürülýän wezipeleri oba adamlaryna dessine ýetirmäge çalyşýarlar. Bu işler geljekde-de netijeli alnyp barlar. Okuw maslahatynyň dowamynda guralan çykyşlarda şular dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi, özara tejribe alşyldy.

 

Kakamyrat RAHMEDOW, «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.