Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HABARLAR, TÄZELIKLER

Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň, Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky taglymatlary — baş maksadymyz» atly şygar astynda maslahat geçirildi. Daşoguz şäherindäki Ýaşlar merkezinde geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Daşoguz şäherindäki bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramalarynyň başlyklary hem-de işjeň agzalary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň hasapçysy Aýgül Hojakowa, Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy TyllagözelAmanowa, şu mekdebiň talyby Laçyn Pälwanowa, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Aýnur Ýusupowa dagy çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döwrebap ylym-bilimli, dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän kämil sowatly bolup ýetişmekleri bilen bir hatarda, olaryň milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelenmegini gazanmak babatda öňde goýýan wezipelerine amal edilişi dogrusynda täsirli gürrüňleri aýtdylar.

 

Ýörite habarçymyz.

***

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň üstünliklerini giňden wagyz etmek, halal zähmeti ündemek maksadynda, golaýda Daşoguz döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň guramagynda wagyz-nesihat häsiýetli maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda guralan çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler, ony üstümizdäki ýylda hem berkitmegiň wezipeleri dogrusynda aýdyldy. Şunda ilkinji nobatda, her bir döwlet gullukçysynyň halal hem tutanýerli zähmeti bilen belent tutumlara goşant goşmaga işjeň gatnaşmalydygy barada nygtaldy, ýurdumyzda kabul edilýän kanunlaryň talaplaryna doly we dogry düşünip, ony gyşarnyksyz berjaý etmek ündeldi.

 

Maýa ŞYHYÝEWA, söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň işgäri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.