Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ARKADAGLY DIÝARYMYZDA MILLI BAHAR BAÝRAMY

ýokary ruhubelentlikde bellenildi

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden, nesilden-nesle geçirip gelýän milli baýramlaryna aýratyn uly sarpa goýulýar. Olar halkymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşaýan döwründe mynasyp dowam etdirilip, döwrebap öwüşginlere eýe bolýarlar. Indi her ýyl Türkmenistan döwletimiz, mähriban halkymyz Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi uly ruhubelentlik bilen garşylaýar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem parahatçylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan bu baýram mynasybetli guralan dabaralar ýurdumyzyň çar künjegini, şol sanda welaýatymyzy hem gurşap aldy.

Halkara Nowruz gününi giňden dabaralandyrmak maksadynda döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň welaýat häkimliginiň garamagyndaky 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Nowruz geldi ülkäme» atly şygar astynda bäsleşik geçirildi. Oňa şu okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaş- dylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, baýramçylyk mynasybetli gutlaglary beýan etmek, türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjylarynyň, halk döredijilik eserlerinden, dessanlardan, türkmeniň taryhynda öçmejek yz galdyran, gahrymançylyk görkezen zenanlaryň keşbini sahna oýunlarynyň, şygyrlaryň, dessanlardan parçalaryň üsti bilen wasp etmek, hormatly Prezidentimiziň «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabynyň esasynda işdäaçarlary taýýarlamak, owadan tanslary ýerine ýetirmek, Nowruzyň milli tagamy bolan semeni barada gürrüň bermek, degiş- me äheňinde oýunlary sahnalaşdyrmak boýunça özleriniň başarnyklaryny, ugurtapyjylyklaryny, ussatlyklaryny görkezdiler. Milli bahar baýramynyň giňden bellenilýän günlerinde geçirilen bu bäsleşik tükeniksiz täsirlere hem-de many-mazmun taýdan uly ähmiýete eýe boldy.

Bäsleşigiň dowamynda bellenen ugurlar boýunça ýeňijiler yglan edildi. Olara Hormat hatlar we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ýörite habarçylarymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.