Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

NOWRUZ GELDI DIÝARYMA!

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Aşgabat şäher Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy hem Nowruz baýramy mynasybetli “NOWRUZ GELDI DIÝARYMA” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çäremizde gelin-gyzlarymyz ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyzy, egin-eşiklerimizi, el keşdelerimizi, kürtedir çabytlarymyzy el hünärlerimizi bilen şeýle-de milli oýunlarymyz  monjugatdy, deňňele, geşdek, ýaglyk atdy, aşyk, bäşdaş ýaly oýunlary bilen çykyş etdiler. Toý gününde çagalaryň şadyýan sesleri, tanslar, bagşy-sazandalaryň sährany ýaňlandyryp duran joşgunly owazlary şatlyk-şagalaň bilen gurşaldy. Baýramçylyk çäresine kärdeşler arkalaşygy guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

surata dusuren

Hormatly Prezidentimiz: “Nowruz dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda we hakydasynda ençeme asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň bu nurana baýramy biziň döwletimizde halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlilige çagyrýan halkara baýramlaryň birine öwrüldi” diýip belleýär. 

Hormatly Prezidentimiziň dür-däne sözlerini, maslahatlaryny  ýol ýörelge edinip, biziň medeni baý mirasymyzy, gadymdan gelýän türkmen halylaryny, kümüş şaý-seplerini zergärçilik, küýzegärçilik, sungatynyň önümlerini, milli nagyşlar giňden görkezildi. Bu zatlaryň hemmesi halkymyzyň gadymy taryhyna guwanmaga, Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyza goýulýan uly hormat, uly sarpa.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: “Nowruz türkmen halkynyň döredijiliginiň, ruhubelentliginiň hem-de tutanýerli zähmetiň aýdyň beýanyna öwrülip, ösüşiň has belent sepgidine çagyrýar we biziň ýüreklerimizde hemişelik Bitarap Watanymyza  buýsanç  duýgusyny beýgeldýär”.

Bahar gelse, topraga jan girýär tebigat oýansa sähralar gülleýär, dag-düzler güle beslense ykballar oýanýar, ykballar oýansa Watan gülleýär, ýaşaýyş joşa gelýär, ýaşaýyşyň gül açýan ýerinde bagtyýarlyk joşa gelýär.

 

Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başga işlerden boşadylan hünärmeni K. Nazarowa.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.