Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SALAM, TÄZE GÜNÜM, SALAM, NOWRUZYM!

Türkmen baharynyň ajaýyp baýramlarynyň biri bolan Milli bahar — Nowruz baýramy mynasybetli biziň “Erteki” atly çagalar bakja-bagymyzda hem aýdym-sazly säherlikler guralýar. Çagalar bakja-bagymyz hem-de Türkmenistanyň ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Mary şäher geňeşi tarapyndan guralan “Salam, täze günüm, salam, Nowruzym!” atly baýramçylyk säherligi-de çagalara şatlyk eçildi.

Milli görnüşdäki baýramçylyk sahnamyzda uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparyň çagalarynyň baýramçylyk çykyşlary boldy. Bu toparyň terbiýeçisi Güljemal Aşyrowanyň taýýarlan çagalary aýdymsaz mugallymy Çynar Çagylowanyň sazandarlyk etmeginde baýramçylyk tanslaryny ýerine ýetirdiler, ýaz paslyny, Nowruzy, çagalaryň bagtyýarlygyny wasp edýän milli äheňli pursatlary döredip, aýdym aýtdylar, goşgy okadylar. Topardaky çagalardan Aýnur Geldimyradowa, Leýli Nurberdiýewa, Resul Muhammetdurdyýew Nowruzyň — täze günüň şatlykly garşylanýan pursatyny görkezdiler. Milli lybasly gyzjagazlaryň ýerine ýetiren “Piýala” tansy has-da özüne çekiji boldy. Çykyşlaryň soňy çaga arzuwlarynyň amala aşýan ajaýyp zamanyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözler bilen utgaşdy.

 

Ejebaý NURYÝEWA. Mary şäherindäki “Erteki” atly 34-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.