Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÖWRÜŇ BELENT RUHY BILEN

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe muzeýler döwlet derejesinde geçirilýän medeni çäreleriň, sergileriň, maslahatlaryň merkezine öwrüldi.

Ýurdumyzda dabaraly bellenilýän şanly seneler mynasybetli sergiler, dostluk sergileri we beýleki çäreler Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem yzygiderli geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, tanymal suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň şahsy sergileri hem yzygiderli guralýar. Bu bolsa sergä tomaşa etmäge gelýän ildeşlerimizde ýakymly täsir galdyrýar. Aýratyn-da, ýaş nesli çuň­ňur watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde şeýle sergileriň ähmiýeti uludyr. Çünki sergilerde ýurdumyzyň gözel tebigatynyň waspyny belentden ýetirýän eserlere uly orun berilýär. Bellemeli zatlaryň ýene biri, şeýle çäreleriň guralmagynyň sungat ugrundan bilim alýan talyp ýaşlara halypa-şägirtlik ýolunyň özboluşly sapaklary hökmünde hem hyzmat edýänligidir.

Golaýda Halkara zenanlar güni, Halkara Nowruz güni mynasybetli-de sergiler guraldy. Olarda milli däp-dessurlarymyza, gymmatlyklarymyza, ýaz paslynyň gözelliklerine bagyşlanan eserlere uly orun berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 13-nji martda geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň muzeýleriniň milli medeni mirasymyzy giň­den wagyz etmek üçin täzeçil serişdeleri ulanmak arkaly uzak aralykdan muzeýler bilen tanyşlygy guramak we bu taslamany amala aşyrmak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän guramaçylyk çäreleri barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmegiň, medeniýet ulgamynda maglumat gi­ňişligini döretmekde, şol sanda kitaphanalaryň we muzeýleriň gaznalaryna elýeterliligi üpjün etmekde sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini giň­den peýdalanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. «Bu meseleleriň oňyn çözgüdi jemgyýetde medeniýetiň we bilimiň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, dünýäde milli medeni mirasymyzyň giň­den wagyz edilmegine kömek eder» diýip, milli Liderimiz belledi.

Bu tagallalar muzeý işine döwrebap usullaryň ornaşdyrylmagynda, işleriň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Döwrüň möhüm talabyndan ugur alyp işlemek biziň her birimiziň borjumyzdyr.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyz hem şanly wakalara, dürli senelere örän baýlygy bilen tapawutlanýar. Geçirilýän medeni çäreler barha giň gerime eýe bolýar. Nesip bolsa, bu seneleri hem mynasyp garşylamakda zehindir yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Muzeý işini ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

 

Ogulsapar NURMÄMMEDOWA, Türkmenistanyň Şekillendiriş sun­ga­ty mu­ze­ýi­niň kär­deş­ler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.