Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝEŇIJILERE SOWGATLAR GOWŞURYLDY

Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesindäki 44-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijilerini syglaglamak dabarasy geçirildi. Oňa welaýat Baş bilim müdirliginiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň wekilleri, welaýatyň ähli ýerlerinden gelen ýokary synp mekdep okuwçylary we mugallymlary gatnaşdy.

Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda geçirilen bu dabara «Arkadagyň paýhasyndan dünýä belli aslymyz, Arkadaga wepalydyr bu bagtyýar neslimiz» diýlip atlandyryldy. Onda çykyş edenler, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylym-bilimli, hünärli we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegini gazanmak ugrunda edýän tagallalary barada aýtdylar.

Dabarada «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan zehinli ýaşlara ylym-bilimiň gözleginde bolup, ynamly öňe gitmekleri, özleriniň geljekde göwün söýen hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmekleri hem-de bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ýokary üstünlikleri gazanmaklary arzuw edildi.

Dabaranyň ahyrynda bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşjak zehinli okuwçylaryň 105-sine welaýat Baş bilim müdirliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy.

 

Aýjahan MÜLKIÝEWA, ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.