Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM

Ýakynda Kaka etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda etrap hassahanasynyň mejlisler jaýynda duşuşyk geçirildi. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen duşuşyga etrap hassahanasynyň işgärleri gatnaşdy.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp «Saglygym — baş baýlygym» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyny Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň başlygy Nowruz Öwlýakulyýew açyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli däp-dessurlarymyza birkemsiz eýermek we olaryň kämil derejede dowam etmegini gazanmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere ünsi çekdi. Ol hormatly Prezidentimiz tarapyndan milletimiziň ýokary ahlak we medeni gymmatlyklaryny, ata-babalarymyz tarapyndan wesýet edilen ruhy-ahlak ýörelgelerini gorap saklamak, ata Watanymyzy çyn ýürekden söýýän berk bedenli, arassa, ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarly nesli terbiýelemek, milli däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrmak ugrunda guwandyryjy işleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn belläp geçdi. Onuň aýdyşy ýaly, türkmen dünýäde milli mirasyny, geçmişini sarpalaýan, geljegini derejeleýän, myhmansöýer halk hökmünde tanalýar. Myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary halkymyzyň ruhubelent bolandygyndan habar berýär. Deňli-derejeli toý tutup şatlanmagy, ulus-ili begendirmegi halkyň ruhy dünýäsiniň baýlygynda jemlenýär.

Duşuşygyň dowamynda etrabyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň epidemiolog lukmany Farida Hydyrkulyýewa hem çykyş etdi. Ol çykyşynda Türkmenistanda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça maksadalaýyk işleriň alnyp barylýandygyny, ilatyň arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym işleriniň geçirilýändigini, raýatlaryň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat işleriniň geçirilýändigini aýtdy. Duşuşyga gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygy, asuda, bolelin durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň aň-düşünje taýdan ýokary derejede kämilleşmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Ogulsapar ORAZGULYÝEWA, Kaka etrap hassahanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.