Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«ÝYLYŇ TERBIÝEÇISI» BÄSLEŞIGINDE

Mary welaýat Baş bilim müdirligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşigi ýurdumyzyň bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda tapawutlanyp işleýän, hünärine ussat, iň göreldeli terbiýeçileri ýüze çykarmak, olaryň iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen «Ýylyň terbiýeçisi — 2020» atly bäsleşik geçirdi.

Amaly tapgyrda bäsleşige gatnaşyjylar okuw maksatnamasyna laýyklykda, işjeň usulda özüniň hünär ussatlygyny sapak guramak arkaly açyp görkezdiler. Bu tapgyrda terbiýeçä baha berlende, olaryň körpeleriň işjeňligini, bilim almaga bolan höwesini ösdürişi, sapagyň dowamynda bilimdir terbiýe bermegiň döwrebap usullaryndan ýerlikli peýdalanyşy, mugallymçylyk we sözleýiş medeniýeti ýaly görkezijiler hem göz öňüne tutuldy. Nazary tapgyrda emin agzalary bäsdeşleriň usuly-döredijilik işleri bilen tanyşdylar.

Terbiýeçiler «Bilimli nesliň tarapdary biz» diýen tema boýunça taýýarlan ylmy-usuly, gözegçilik häsiýetli şahsy taslamasy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem terbiýeçileriň bilim derejesi, syýasy sowatlylygy we hünär başarnyklary sorag-jogap arkaly aýan edildi.

Bäsleşikde Türkmengala etrabyndaky 2-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gülşat Ataýewa baş baýraga mynasyp boldy. Ol bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bäsleşigiň ýeňijileri Diplomlar we Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşiginiň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

 

Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.