Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GOWAÇA EKIŞINE BADALGA BERILDI

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem gowaça ekişine badalga berildi. Welaýatyň pagtaçylary 180 000 gektar meýdana gowaça ekip, şondan 365 000 tonna pagta ýygyp, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Şoňa görä-de olar ýaz ekişini bökdençsiz we agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreleri gördüler. Welaýat, etrap häkimleriniň, olaryň oba hojalyk boýunça orunbasarlarynyň, häkimlikleriň beýleki jogapkär işgärleriniň, tehniki hyzmat ediş kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, geňeşlikleriň arçynlarynyň, daýhan birleşikleriniň başlyklarynyň, tejribeli kärendeçileriň we beýlekileriň gatnaşmagynda geçirilen geňeş-maslahatda gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek we ony öz wagtynda tamamlamak barada öňde durýan möhüm wezipeler hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzyň daýhanlaryna berýän kömekdir ýardamlary, döredýän mümkinçilikleri üçin Arkadag Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Gowaça ekişine welaýatyň Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginiň meýdanlarynda, il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berildi. Daýhan birleşigiň zähmetsöýer pagtaçylary «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda 660 gektar meýdanda gowaçanyň bereketli tohumyny sepip, ondan 1400 tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler. Edermen hasyl ussatlary gowaçanyň «Ýolöten 7», «Ýolöten 14», «Ýolöten 39» ýaly ir ýetişip, bol hasyl berýän görnüşlerini ekýärler. Gowaça ekişine badalga berlen güni hakyky zähmet baýramçylygyna öwrüldi. Şu ýerde sungat ussatlarynyň çykyşlary guraldy. Daýhanlar barada uly alada edýändigi üçin döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.

 

Kakajan DURDYÝEW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary etrap birleşmesiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.