Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BITARAPLYK ŞUGLASY

Soňky döwürde ikitaraplaýyn gatnaşyklar giňäp, BMG-niň ynsanperwer ugurly ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleriniň Türkmenistana yzygiderli saparlary, ýurdumyzyň möhüm halkara teswirnamalaryna we konwensiýalaryna goşulmagy munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Ynsanperwer syýasat netijesinde BMG bilen ýola goýlan oňyn gatna­şyk­lar hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze — has ygtybarly ugurlaryny açdy.

Türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplygy sebitde durnuklylygy üpjün etmegiň, geosyýasy we milli bähbitleri goramagyň we ylalaşmagyň esasynda ýurtlaryň arasynda ösen gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şertidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, syýasy durnuklylygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm guralyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri bilen işjeň ýola goýulýan hem-de yzygiderli ösdürilýän syýasy-diplomatik we ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şeýle-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlar barha rowaçlanýar.

Dünýä döwletleriniň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny saýlap alan berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asudalyk, abadanlyk, bagtyýarlyk höküm sürýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolup geçýän taryhy wakalar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde halkara parahatçylyk döredijilik tagallalarynyň, ýurdumyzyň ösüşiň täze ugurlary bilen öňe saýlanmagynyň möhüm şertine öwrüldi.

Türkmenistanyň saýlap alan hemişelik Bitaraplyk ýolunda gazanylan belent üstünlikler we umumadamzadyň abadan ýaşamagyna gönükdirilýän tagallalary halkymyzyň, döwletimiziň we hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýär.

 

Hemra AMANOW, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hünärmeni, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.