Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BELENT MAKSATLARYŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

Uly tutumlara hem beýik işlere beslenip, agzybir, parahat ýurdumyza rowaç gadamlar bilen gelen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzyň her bir güni şatlykly hem şanly wakalar bilen alamatlanýar. Nesip bolsa, şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy giňden bellenip geçiler.

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, pähim-paýhasy bilen röwşen geljege barýan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň her bir gününiň, her bir aýynyň rowaçlyklara beslenýändigini, halkymyzyň buýsanjyna öwrülýän taryhy wakalaryň her biriniň kalplarda guwanç duýgularyny döredýändigini görkezýär. Şonuň esasynda şu ýylyň üstünliklere beslenýän 2 aýynda «Dünýä dolýar parahatlyk mukamy, Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Bitaraplyk — parahatçylykly ösüşiň oňyn ýoly», «Bitarap döwletim barha berkeýär, Arkadag paýhasy aýdyň ýol açýar» atly şygarlar esasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalarynyň guramagynda 95 sany okuw maslahatlarydyr aýdym-sazly dabaralar geçirildi. 

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjyndan kemal tapan berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyzyň Baş Kanunyny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak işleriniň güýçli depginde dowam etdirilýän ýyly boldy. Wagtyň geçmegi we dünýäniň çalt depginde üýtgemegi, durmuşyň we döwletdäki özgerişleriň täsiri netijesinde konstitusion özgertmeleriň zerurlygynyň ýüze çykýandygyny, döwletimiz we jemgyýetimiz üçin möhüm waka bolup durýan iki palataly parlament ulgamyny döretmek we Konstitusiýa degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini raýatlarymyza düşündirmekde, bu babatda olaryň pikirlerini, tekliplerini öwrenmekde jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde hem uly wezipeler goýuldy. Hormatly Prezidentimiziň bildiren uly ynamyny ödemek üçin raýatlar bilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly — milli demokratiýamyzyň üstünlikleri», «Syýasy-hukuk özgertmeleriň batly gadamlary», «Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we milli kanunçylygyny kämilleşdirmegiň ýollary» atly şygarlar bilen geçirýän duşuşyklarymyzda konstitusion özgertmeler barada aýratyn durup geçýäris.  Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer jemgyýetimiziň berkarar bolmagynyň ygtybarly daýanjy bolup durýan jemgyýetçilik guramalary bilen geçirilýän işlere aýratyn üns berýär. Bagtyýarlyk eýýamynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň öňünde duran ägirt uly wezipeleri durmuşa geçirmekde jemgyýetçilik guramalaryna aýratyn ornuň degişlidigini nygtaýar. Şundan ugur alyp, 1307 sany ilkinji guramany, 208861 sany agzany özüne birleşdirýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi geçen döwürde medeni-köpçülik, sport çärelerini, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça okuw maslahatlaryň 38-sini, düşündiriş-wagyz işlerininiň 475-sini, bäsleşikleriň 36-syny gurady. 

Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgesi boýunça amala aşyrýan işlerine hem mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011 — 2020-nji ýyllar üçin milli Maksatnamasynyň», «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda»Türkmenistanyň Kanunynyň çäklerinde köptaraplaýyn çäreleri durmuşa geçirýärler. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň XXI Milli sport oýunlarynyň spartakiadasynyň çäklerinde, şeýle hem «Sagdynlyk — baş ýörelgämiz» diýen şygar astynda geçirilen sport bäsleşikleriň 42-den gowragy geçirilip, olara agzalarymyz ýokary işjeňlik ýagdaýynda gatnaşdylar. «Päkize ýaşaýyş ynsan gözelligidir», «Neslimiz nusga bolsun!» atly şygar astynda wagyz-nesihat çäreleri guralyp, ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuşy ornaşdyrmak, zyýanly endiklerden daşda durmak düşündirildi. Şeýle hem geçen döwürde ýurdumyzyň şypahanalarynda 26 sany, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awazadaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde agzalarymyzyň 108-si ýeňillikli ýollanmalar bilen saglyklaryny dikeltdiler. Kärdeşler arkalaşyklary milli Liderimiziň ynsanperwer taglymatyndan ugur alyp, özüniň gorag, goldaw we maslahat beriş wezipelerini yzygiderli amala aşyryp, öz agzalarynyň hukuklaryny, bähbitlerini goramakda öz tertipnamalaýyn borçlaryny ýerine ýetirmek ugrunda işjeňlik görkezýär. Şu maksat bilen kärdeşler arkalaşyklarynyň sebit birleşmelerinde, pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynda işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilýän okuw maslahatlarda zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk, işgärler üçin döwrüň talabyna laýyk iş we dynç alyş şertlerini döretmek, zähmet kanunçylygy boýunça hünärmenleriň çykyşlary guralýar. Şu ýylyň mart aýynyň 10-14-i aralygynda geçirilen şeýle okuw-maslahatlaryň birini «Şanly Bitaraplyga batly gadamlar bilen» at bilen Türkmenistanyň gurluşyk we senagat hem-de agrosenagat toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşleri bilelikde guradylar. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň karary esasynda Awazadaky «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu maslahata ilkinji guramalaryň başlyklary, işjeňleri gatnaşdylar. 

Maslahatda şanly ýylymyzyň guwandyryjy wakalary — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek babatda işleriň dowam etdirilmegi, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, döwletimiziň ykdysady ösüşini hil taýdan ýokary derejä çykarmak alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi, kärdeşler arkalaşyklarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlendi. Şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksi boýunça hukukçylaryň, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk gözegçileriniň düşündirişleri, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, bu babatda geçirilen sowal-jogaplar ýatda galyjy boldy. KA-nyň ilkinji guramalarynyň girdeji-çykdajylaryny meýilleşdirmek, maliýe resminamalaryny, baş kitaby talabalaýyk ýöretmek boýunça sanly ulgam arkaly düşündirişler, tejribe alyşmak guraldy. 

 

Jumagül HOJAÝEWA, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.