Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZEHIN JOŞGUNY

TKA-nyň welaýat birleşmesi bilen harby bölümiň esgerleriniň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi has dabaralandyrmak maksady bilen guran bäsleşigi diýseň täsirli we şatlyk-şagalaňa baý boldy. Harby bölümleriň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň-esgerleriň arasynda «Nowruz geldi rowaçlanýan ilime!» diýen at bilen guralan bäsleşik terbiýeçilik ähmiýeti, esgerlerde harby hünärlere bolan söýgini artdyrýanlygy, olary döredijilik işjeňligine ruhlandyrýandygy bilen tapawutlandy.

Podpolkownik Magtymguly Magtymgulyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň giň klubunda guralan ýaryşyň dowamynda oňa gatnaşýan toparlar ýörite eminleriň gözegçiliginde öňünden meýilleşdirilen dört şert boýunça bäsleşdiler. Şol şertlerde milli baýramymyzy, türkmen tebigatyny wasp etmek, aýdym aýtmak, gysgajyk gülküli sahna görkezmek, ahyrky şertinde-de gatnaşyjylaryň döredijilik başarnygyny ýüze çykarmak göz öňünde tutulypdyr.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda çykyş edip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezen toparlara synçy eminler mynasyp hem adalatly baha berdiler. Netijede, şu bäsleşigiň geçýän harby bölüminiň esgerlerinden düzülen topar hormatly birinji orna mynasyp boldy. Podpolkownik Toýly Şirowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň esgerlerinden düzülen topar 2-nji, kapitan Bagtyýar Muhyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň topary 3-nji orunlary eýelemegi başardylar.

 

Bally SEÝITBERDIÝEW, «Daşoguz habarlary».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.