Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DATLY TAGAMLAR TAÝÝARLANDY

Akdepe etrabyndaky 55-nji orta mekdepde etrabyň ähli mekdepleriniň 10-njy synpynda okaýan okuwçy gyzlaryň gatnaşmaklarynda «Geldi Nowruz ilime!» ady bilen milli tagamlary taýýarlamak boýunça baýramçylyk bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan gyzlar türkmen milli tagamlarynyň birnäçe görnüşlerini taýýarlap, olaryň taýýarlanyş usullary, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyz hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmeniň özboluşly nowruz tagamlaryny taýýarlan gyzlaryň arasyndan iň ökdeleri, ezberleri saýlanyldy. Şeýlelikde, 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Arzuw Gurbanowa 1-nji orna, 48-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülbahar Gazakowa 2-nji orna, 13-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gurbanbibi Jumaýewa 3-nji orna mynasyp görüldi. Ýeňijilere etrap bilim bölüminiň we bilim işgärleriniň KA-nyň etrap geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Baýramçylyk dabarasynda mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary Gahryman Arkadagymyza söýgi, Watanymyzyň ösüşlerine guwanç bolup ýaňlandy.

 

Baýramdurdy MEREDOW, TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.