Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TEBIGAT WE ZENAN

Tebigat! Bu sözde janly-jandaryň hem-de adamzadyň ýaşaýyş-durmuşynyň gözbaşy ýatyr. Zenan tebigata has golaý bolany üçin, onuň daşky hem içki dünýäsi gözelliklerden görklenýär. Zenanlar gülleri gowy görýärler. Şonuň üçin hem olar ýaşaýan hem işleýän otaglaryny owadan güller bilen bezeýärler. Türkmen zenanlary tebigata has golaýlygy bilen aýratynlyklara eýe bolýar. Mysal üçin, olar dokaýan halydyr matalarynyň boýaglaryny ot-çöplerden tebigy reňk alyp, boýapdyrlar. Ýakymly ys alar ýaly geýýän egin-eşikleriniň arasynda bägül, narpyz, mazy goýupdyrlar.

Gelin-gyzlar tebigaty boýunça aýdym-saza has golaý. Olaryň hüwdüleri, läleleri, ýarowjanlary, monjugatdylary durşy bilen türkmen tebigatyndan alnan, şol bir wagtda hem olarda watansöýüjilik häsiýeti joşýar. Taryhy çeşmelere ser salanyňda, Mälik şanyň aýaly Göwherşat hatyn bag ekmek bilen taryhda yz galdyrypdyr. Taryhda zenanlar özleriniň gahrymançylykly, mert häsiýetlerinden başga-da, milli däp-dessurlary, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda hem uly tagallalar edipdirler. Bu barada hormatly Prezidentimiz şeýle diýýär: «Türkmen gelin-gyzlary müňýyllyklaryň dowamynda özlerini watansöýüji, namysly-arly, salyhatly, ak ýürekli, gaýratly, süňňi sagdyn, mylaýym, çeper hünärli, maşgalanyň agzybirligini, ojagyň ýylysyny saklaýan asylly maşgalalar hökmünde dünýä tanadypdyrlar». Ynha, ýene-de ýaz geldi. Tebigat ýaşyl don geýnip, zenan kalbynda ruhy joşgun döretdi. Çünki bu «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ýazy, parahatlygyň, asudalygyň ýazy. Goý, mähriban Arkadagymyzyň saýasynda köňül joşgunly ýazlarymyz dowamly bolsun!

 

Arzygül DURDY­ÝE­WA, Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.