Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BERKARAR WATANYŇ BUÝSANJY

«Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­nyň da­ba­ra­ly bel­le­nil­jekdi­gi her bi­ri­mi­zi ru­hu­be­lent­li­ge bes­le­ýär. Bu şan­ly gün­ler­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­li ul­gam­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, ösüş­ler mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny has-da be­len­de gö­ter­ýär. Şol ösüş-öz­gert­me­ler­de ze­nan­la­ry­my­zyň hem my­na­syp go­şan­dy­nyň bar­dy­gy kal­by­myz­da be­lent buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpa has-da belent derejelere göterilýär. Mähriban enelerimiz, baýdak ýaly gelinlerimiz ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, maşgala mukaddesligini kämilleşdirmekde, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine mynasyp goşant goşmakda görelde görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň: «Eziz enelerimiziň, mähriban zenanlarymyzyň, hormatly gyz-gelinlerimiziň bagtyýarlygy halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň buýsanjydyr» diýip bellemegi, zenanlary bagtly ýaşaýşa, aýdyň we şöhratly geljege ruhlandyrýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda mähriban Prezidentimiziň tagallasy bilen kabul edilen «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu Meýilnama BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüşi üpjün etmegi nazarlap, gender gatnaşyklary ulgamynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Ol zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky işlere gatnaşmagyny giňeltmek üçin zerur bolan şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, zenanlarymyzyň erkana ýaşamaklary we işlemekleri, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, perzentlerini döwrebap terbiýelemekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler we mümkinçilikler döredildi. Zenanlaryň jemgyýetde durmuş taýdan goragly bolmagy üçin kabul edilen kanunlar halkara hukuklaryna we düzgünlerine doly laýyk gelip, zenanlaryň bähbitlerine ygtybarly hyzmat edýär we jemgyýetiň ilkinji, başlangyç esasy bolan maşgalanyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, eneligi we çagalygy goramaga, sagdyn nesli kemala getirmäge doly mümkinçilik döredýär.

surat

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda geçiren maslahatynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermekde, ýaş nesilleri milli ýörelgelerimiz esasynda, halallyk, zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we kanun çykaryjy häkimiýetiň wekilleriniň bilelikdäki sazlaşykly işleriniň möhüm ornuny nygtap geçdi.

Gadymy halkymyz maşgalada ruhy-ahlak gymmatlyklary gorap saklamak, nesilleri milli ruhda terbiýelemek baradaky meselä aýratyn üns berip gelýär. Köp asyrlyk şan-şöhratly taryhy bolan halkymyzyň edepli-ekramly, gujurly-gaýratly, akylly-paýhasly nesilleri terbiýelemek adatlaryny dowam etdirmek bu günki günde her bir maşgalanyň mukaddes borjudyr. Maşgala mukaddesligini gorap saklamakda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň toplan baý mirasy bar. Şu günlerimize çenli gelip ýeten bu baý mirasymyzy nesillerimize ýetirmekde zenanlaryň tutýan orny uludyr.

Asyrlaryň dowamynda türkmen halky zenanlara ähli ajaýyplyklary we ýagşylyklary özünde jemleýän ynsan hökmünde çuňňur sarpa goýupdyr. Magtymguly atamyzyň: «Dünýe sözi meňzär duzsuz tagama, Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa» diýip bellemegi ýa-da gelin-gyzlara niýetläp kümüş şaý-sepleri ýasamagy şahyryň zenana goýýan sarpasynyň beýikdigini görkezýär.

Maşgalanyň mertebesi, abraýy, esasan, zenana degişlidir. Şonuň üçinem, türkmenlerde zenanlara «maşgala» diýilýär. Edepli-ekramly, asylly zenan maşgalanyň abadançylygynyň, ar-namysynyň, at-abraýynyň, rysgal-döwletiniň daýanjy hasaplanylýar.

Perzentlerini ene mähri bilen çoýup, maşgalanyň abraýyny gorap, öýe ýagýan döwlete eýelik edip oturan baýdak ýaly gelinlerimiz biziň buýsanjymyzdyr. Olar ata-babalarymyzdan gelýän milli ruhy gymmatlyklarymyzy sünnäläp, geljekki nesillerimize ýetirýän, akylly-başly, sagdyn nesli kemala getirýän mähribanlarymyzdyr. Ýüzümiziň tuwagy, gözümiziň guwanjy gelin-gyzlaryň maşgala gurmakda, milli däp-dessurlary dowam etdirmekde bitirýän işleri bahasyzdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgäniň, ene-mamalarymyzdan nusga bolup galan edim-gylymyň, görüm-göreldäniň ýiti täsiri häzirki wagtda döwrebap dowam edýär. Olar «Ene eli — em, dili — melhem», «Ene — käbe, ata — kybla», «Gyz gylygyndan söýdürer», «Gyzly öý — gyzyldan halka», «Gyzly öýe rehnet ýagar» ýaly parasatly jümleleri nesillere miras goýupdyrlar. Bu paýhasly setirler ene mukaddesligini, gyz sarpasyny has-da belende galdyrýar.

Ene-mamalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiren el hünärinden dörän milli lybaslarymyz türkmen zenanlarynyň döredijiliginiň nusgalykdygyny dünýä ýaýýar. Eli çeper, dürli hünärleriň ussatlary hasaplanýan türkmen zenanlary halyçylyk sungatyny hem nusgalyk derejä ýetiripdirler. Enelerimiziň yhlasy siňen gadymy nagyşlar, tebigat bilen sazlaşýan dürli reňkleriň öwüşgini biziň günlerimize gelip ýetipdir we ol häzirki günlerde has-da kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiz käbelerimiziň el hünärine ýokary baha berip, «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplaryny mährem enelerimiziň el hünärine bagyşlamagy başymyzy göge ýetirýär. Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraýyny has-da beýgelden türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKOnyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi çeper elli halyçy gelin-gyzlarymyzyň çekýän zähmetiniň dünýä ýüzündäki ykrarnamasydyr.

Häzirki döwürde edep kerwenini çekip gelýän mähriban enelerimiz gyzlaryna milli ahlak gymmatlyklary, çeper-sungat kämilligini, geljekki döwletli maşgalanyň eýesi hökmünde gowy häsiýetleri, mähirli we mylaýym bolmagy, tagam taýýarlamagy öwredip, öý bikesiniň nusgalyk edep mekdebini kemala getirýärler.

Akyldarlaryň: «Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, eneden nesihat alan gyz keýwany (ýyldyzyň ady) bolar» diýen sözlerinden ýörelge alnyp jemgyýete peýdaly nesiller ýetişdirilýär.

Ata-babalarymyz çaga terbiýesi bilen baglanyşykly, terbiýeçilik ähmiýeti bolan ýörelgeleri, yrymlary, däpleri döredipdirler. Olardan netijeli peýdalanypdyrlar. Terbiýe meselesinde pederlerimiziň goýup giden ýörelgeleri biziň üçin mekdepdir. Olaryň: «Terbiýe meselesinde ýalňyşara ýer ýok» diýen kesgitlemesi örän çuňňur manyny özünde jemleýär. Öňi bilen, terbiýe meselesinde maşgalanyň güýjüne, täsirine daýanmaly bolýar. Maşgala — milletiň aýratynlygynyň emele gelýän we kämilleşýän ýeri, terbiýe ojagy. Ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan berk maşgala döwletimiziň mizemez baýlygydyr. Maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýeti diýseň uludyr. Ol ýaşlara edep-terbiýe berip, olary durmuş ýoluna salýar, jemgyýet bilen ysnyşdyrýar, olaryň kalbyna ruhy baýlygy, ahlak gymmatlyklary siňdirýär. Çaganyň mekdebe çenli terbiýesiniň tutuşlygyna maşgala baglydygyny unutmaly däldiris. Olaryň ruhy we ahlak keşbiniň binýady ilki maşgaladan başlanýar, soňra çagalar bagynda, mekdepde onuň üsti ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän nesli terbiýelemek wezipesiniň öňümizde durýan esasy meseleleriň biridigini nygtaýar. Hut çagalyk döwründe şahsyýetiň esasy häsiýetleriniň, ahlak gymmatlyklarynyň, durmuşa ukyplylygynyň we maksada okgunlylygynyň binýady goýulýar. Bularyň hemmesi, ilkinji nobatda, maşgalada kemala gelýär. Çaga maşgalada özüne bildirilýän söýgini, ünsi we aladany duýýar, beýlekilere duýgudaşlyk etmegi we şatlanmagy, özüne jogapkärçiligi öwrenýär, köp zatlary bilmäge ymtylyp, öz hukuklaryna eýe bolup başlaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri halkymyzyň taryhyna, ruhy-medeni gymmatlyklaryna nazar aýlamaga esas berýär. Döwrüň talaplarynyň hötdesinden geljek kämil nesli kemala getirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek babatdaky döwlet syýasaty merdana hem zähmetsöýer halkymyzyň eşretli, parahat durmuşyny üpjün etmäge, ylaýta-da, ýaş nesillerimiz üçin bagtyýar geljegiň berk binýadyny döretmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiziň ylymly, bilimli, sagdyn, giň gözýetimli, ýiti zehinli, sanly bilim ulgamyny düýpli özleşdirýän, halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini, umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşdyrmaga ukyply bolan nesli kemala getirmek baradaky taýsyz tagallalary biziň hemmämize aýdyň ýörelgedir.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýaşlaryň okamagy, dünýä derejesinde bilim almagy, iň täze tehnologiýalardan baş çykarmagy, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly bolmagy üçin edilýän aladalar ýurdumyzyň ýagty geljegine bolan umytlaryň ählisiniň ýaşlar bilen baglanyşyklydygyndan habar berýär. Çagalarymyzyň eşretli geljegine bolan ynam biz — zenanlaryň bagtyny goşalandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň her bir raýatyň bähbidine gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen maksatnamalaýyn şygaryny amal edip, ony ähli işlerimiziň özeninde goýmak, biziň mukaddes borjumyzdyr. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekde her birimiz Gahryman Arkadagymyzyň pent-sargytlaryndan ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýäris.

Ylymly-bilimli, edepli-ekramly, medeniýetli, watansöýüji, ruhubelent, öz hukuklaryna oňat düşünýän sagdyn nesilleri ýetişdirmekde bize giň mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.

 

Gurbangül ATAÝEWA, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.