Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MEDENI HABARLAR

Golaýda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda “Rowaçlyga gadamymyz batlanýar, Bahar pasly şahyrlary joşdurýar” atly welaýatyň döredijilik wekilleri bilen dabaraly duşuşyk geçirildi.

Dabarada ýazyjy-şahyrlaryň Diýarymyzyň bahar paslyndaky gözellige beslenen ajaýyp tebigatyny wasp edýän we durmuşy temalardaky birnäçe şygyrlary okaldy. Dabaranyň dowamynda myhmanlara muzeý gymmatlyklaryny ýakyndan synlamaga hem mümkinçilikler döredildi.

* * *

Magtymguly etrabynyň medeniýet merkezinde Balkan welaýat medeniýet müdirligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat geňeşi tarapyndan welaýatyň tans toparlarynyň arasynda “Gül Diýary wasp edip, gel tans oýna, tans oýna!” atly tans bäsleşigi geçirildi.

Çekeleşikli geçen bäsleşikde birinji orna Serdar etrap medeniýet merkeziniň “Şelpeler”, ikinji orna Bereket etrabynyň “Güljan”, üçünji orna Serdar şäheriniň medeniýet merkeziniň “Perwana” tans toparlary, höweslendiriji baýraga Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet merkeziniň “Owaz” halk tans topary we Türkmenbaşy etrabynyň “Lälezar” tans topary mynasyp boldular.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.