Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«HEMIŞELIK BITARAP DIÝARYŇ ÇEPER ELLI ZENANLARY» ATLY BÄSLEŞIK

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Dokma senagaty ministrliginiň bilelikde yglan eden «Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň jemi jemlendi. Ruhabat dokma toplumynda geçirilen bäsleşikde dokma pudagynda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleriniň sergisi hem gurnaldy. Halkara zenanlar güni mynasybetli dokmaçy gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşik üç şertden ybarat bolup, oňa ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlar topary gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşan çeper elli zenanlar topary milli lybaslara salynýan nagyşlaryň gadymylygy we nagyşlara siňen syrlaryň taryhy barada täsirli, çeper gürrüň berdiler. Ikinji şertde bolsa, nagyşlaryň belli bir nusgasyny keşdeläp görkezdiler. Üçünji şertde öz döreden el işleriniň özboluşlylygyny, reňk tapawutlaryny, keşdelerini wasp edýän goşgudyr aýdymlaryň, şeýle-de rowaýatlaryň üsti bilen beýan etdiler. Bäsleşikde Daşoguz welaýatynyň «Daşoguz pagta egriji fabriginiň» çeper elli zenanlar topary baş baýraga mynasyp boldular.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.