Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SPORT BAÝRAMÇYLYGY

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli 2020-nji ýylyň mart aýynyň 16-17-si aralygynda «Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy» sport mekdebiniň sport zalynda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň 1-nji sport mekdebi bilen bilelikde Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Aşgabat şäher Geňeşi tarapyndan guralan 2007 — 2008-nji ýyllarda doglan kiçi ýetginjekleriň arasynda sportuň dzýudo göreşi boýunça Aşgabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi. Örän gyzykly we çekeleşikli geçirilen ýaryşyň netijeleri boýunça 29 kg agramda Hojaahmet Ýusupow, 32 kg agramda Halyl Annagurbanow, 35 kg agramda Annaoraz Bäşimow, 38 kg agramda Yhlas Nurmuhammedow, 42 kg agramda Ahmet Çaryýew, 46 kg agramda Allanur Annaberdiýew, 50 kg agramda Batyr Merdanow, 55 kg agramda Daýanç Akmyradow, 60 kg agramda Atajan Şyhyýew, 60 kg ýokardaky agramda Yslam Kerimmuhammedow dagylar ýeňiji bolmagy başardylar.

Ýaryşa jemi 151 türgen gatnaşyp, onda baýrakly orunlary eýelän türgenler Aşgabat şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň Hormat hatlary hem-de Bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Aşgabat şäher geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglandylar. Ýaryşa gatnaşyjylar ýurdumyzda giňden alnyp barylýan sagdyn durmuş syýasatynyň çäklerinde sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegi ugrunda uly mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Muhammetguly WELMYRADOW, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.