Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KONSTITUSION ÖZGERTMELER JEMGYÝETIMIZI KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ESASYDYR

Şeýle şygar bilen golaýda welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, sport ulgamynyň işgärleriniň, Daşoguz şäher halk maslahatynyň agzalarynyň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahaty TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew açdy we konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti dogrusynda çykyş etdi.

Soňra TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Myratgeldi Goçmedow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Ýazmämmet Ataýew, TAP-niň welaýat komitetiniň başlygy Serdar Gaýypow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jeren Gylyçmyradowa çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen jemgyýetimizde we dünýä tejribesinde gazanylan üstünlikler nazara alnyp, Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek, kanun çykaryjy edarany iki palataly gurluşa geçirmek baradaky maksatly tutumlaryň bu günki gün halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolandygy barada çykyşlarda uly buýsanç bilen bellenildi. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasynyň taýýarlanyp, halkyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenendigi, kanun taslamasynda üýtgetmeler girizilen we täze goşulan, kämilleşdirilen bapdyr maddalar, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly ulgama geçmeginiň hukuk esaslary, palatalaryň borçlary we ygtyýarlyklary barada beýan edilendigi dogrusynda nygtalyp, taslamanyň döwlet gurluşynyň täze tapgyryna uly itergi berjek ähmiýetli taraplary barada aýdyldy.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň taryhy wakasy bolup, türkmen döwletiniň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda täze öwrülişige eýedigi bilen tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekjek bu başlangyjyň ata Watanymyzyň şan-şöhratynyň öňküden-de artmagyna uly itergi boljakdygy barada buýsançly gürrüň edildi hemde şeýle maksatly tutumlaryň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.