Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EZBERLER ÖŇE SAÝLANDY

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen Milli sport oýunlarynyň XXI spartakiadasynyň Ahal welaýat tapgyry guramaçylykly geçirildi. Ak bugdaý etrap sport mekdebinde bolan bu ýaryşa welaýatyň etraplaryndan hem-de Tejen şäherinden zähmetkeşler gatnaşyp, milli sportuň göreş, düzzüm, küşt we ýaglyga towusmak ýaly görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Milli sport oýunlary boýunça däbe öwrülen bu ýaryşlaryň ýylyň-ýylyna meşhurlygynyň barha artmagy ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanýandygy bilen baglanyşyklydyr. Bu çäräniň esasy maksady hem Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport-sagaldyş hereketini ösdürmekden, zähmetkeşleriň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmakdan, olary sporta köpçülikleýin çekmekden ybaratdyr. Şeýle bolansoň, welaýatyň zähmetkeşleri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň giň­den belleniljek ýylynda milli sport oýunlary boýunça ýaryşa has taýýarlykly geldiler.

Welaýatyň dürli künjeginden gelen zähmetkeşler milli göreş boýunça 48; 52; 57; 62; 68; 74; 82; 90; 100 kilogram agram derejelerinde, şeýle-de 100 kilogramdan ýokary agramda güýç synanyşdylar. Gyzykly we çekeleşikli geçen tutluşyklar her agram derejesi boýunça güýçli pälwanlary öňe saýlady. Bu görnüşde umumy toparlaýyn hasapda Ak bugdaý etrabynyň pälwanlary öňe saýlandylar. Gökdepe hem-de Babadaýhan etraplarynyň toparlary degişlilikde, ikinji we üçünji orny eýelediler.

Küştde erkekleriň arasynda Gökdepe etrabyndan Ý.Baýramgeldiýew, zenanlaryň arasynda Bäherden etrabyndan Hurma Weliýewa üstün çykdy. Düzzümde erkekleriň arasynda Tejen etrabyndan A.Garahanow, zenanlaryň arasynda G.Hydyrowa garşydaşlaryny ýeň­lişe sezewar edip, utuk sany boýunça öňe saýlandylar. Ýaglyga towusmak ýaryşynda bolsa Gökdepe etrabyndan G.Kertikowa taý tapylmady. Ýaryşyň ýe­ňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

 

Aýdo ŞEKEROW. (Öz habarçymyz).

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.