Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

— MILLETIŇ AŇ-PAÝHAS KUWWATYNY ARTDYRMAK — MÖHÜM DÖWLET WEZIPESI

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

 

AŞ­GA­BAT, 23-nji ap­rel (TDH). Şu gün Milli bilim institutynda wideokonferensiýa görnüşinde Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň bilim ulgamyna goldaw» atly taslamasynyň Ýolbaşçy komitetiniň nobatdaky duşuşygy boldy

Bu çärä ÝB tarapyndan taslamanyň ýolbaşçysy Ştefan Ziwert, şeýle hem maliýe menejeri we uly direktory gatnaşdylar.

Milli bilim institutynyň ýolbaşçylary hem-de taslamanyň esasy benefisiary bolup durýan Bilim ministrliginiň wekilleri, Daşary işler ministrliginiň hünärmenleri, komitetiň agzalary Türkmenistana wekilçilik etdiler. Olaryň hatarynda käbir ministrlikleriň we edaralaryň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym we bilim bilen özara baglanyşyklydyr. Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem ylym we bilim döwletimiziň güýçkuwwatyny hem-de mümkinçiliklerini artdyrýan esasy serişde, jemgyýetimiziň hereketlendiriji güýji bolup durýar.

Türkmen mugallymlarynyň hünär derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar, olar bilim bermegiň täze usullaryny hem-de maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýärler, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň okuw mekdepleriniň halkara gatnaşyklary gi­ňelýär.

Türkmenistan abraýly ylym we bilim merkezleri, şol sanda Ýewropanyň okuw merkezleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýup, dürli döwletlerde bilim alýan talyplarynyň sanynyň ep-esli artmagyny gazandy, halkara ylmy-barlaglara, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky alyşmalara hem-de akademiki maglumatlar ulgamyny ösdürmäge giňden gatnaşmagyny gazandy.

Ylym-bilim ulgamy Türkmenistanyň ÝB bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmen tarapy ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda wezipeleri nazara almak bilen, Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň täze strategiýasynyň çäklerinde degişli ugry, şol sanda başlangyç, orta we ýokary hünär bilimini güýçlendirmegi teklip etdi.

Şeýle hem Ýewropanyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uniwersitetleriniň arasyndaky alyşmalary işjeň­leşdirmegiň, ýaş hünärmenleriň bilim derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasyny gi­ňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça işler alnyp barylýar.

Halkara bilermenleriň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanyň bilim ulgamyna goldaw» atly taslamasyna 2016-njy ýylyň ahyrynda badalga berildi. Onuň maksady ýurdumyzda halkara ölçeglere kybap gelýän bilimiň innowasion nusgasyny döretmäge ýardam etmekden ybaratdyr.

Taslamanyň esasy wezipeleri bilim bermegiň derejesini ýokarlandyrmak, öň­debaryjy Ýewropa tejribesine hemde zähmet bazarynyň ýagdaýynyň seljerilmegine laýyklykda okuw maksatnamalaryny we gollanmalary döwrebaplaşdyrmak bolup durýar.

Onuň çäklerinde bilim ulgamyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna, dünýä tejribesiniň ulanylmagyna hem-de bilim bermegiň innowasion usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan okuw maslahatlary we aň-bilim çäreleri guralýar. Taslamanyň edara binasy ýerleşen Milli bilim institutynyň binýadynda bilim berýän ýörite okuwlar, hyzmatdaşlar we halkara bilermenler bilen duşuşyklar yzygiderli geçirilýär.

Ýörite okuwlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen dil arkaly we sanly bilim konsepsiýalaryny amala aşyrmak bilen gös-göni bagly bolan innowasion özgertmeleri işjeň goldamaga gönükdirilendir.

Mysal üçin, geçirilen çäreleriň hatarynda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin ýörite okuw bolup, ol elektron bilim serişdeleriniň wirtual çägini gi­ňeltmek üçin MOODLE halkara portalyny döretmek we onuň mümkinçiliklerini peýdalanmak babatda sanly bilime eýe bolmaga gönükdirilendir. Ýörite okuwa gatnaşyjylaryň ýardam etmegi netijesinde bu halkara okuw maksatnamasy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýigrimisiniň okuw işine ornaşdyryldy.

Ýolbaşçy komitetiň duşuşygynyň barşynda taslamanyň nobatdaky — ýedinji tapgyryny amala aşyrmagyň netijeleri seljerildi hem-de ony jemleýji döwürde — 2020-nji ýylyň aprel — sentýabr aýlarynda durmuşa geçirmegiň ugurlary kesgitlenildi.

 

Türkmenistan hem-de ÝUNESKO ýokary hilli we elýeter bilim ugrunda

 

Şeýle hem şol gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary hanym Şamila Nair-Beduel bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda guraldy.

Söhbetdeşlige Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar

Ýurdumyz bilim beriş işine dünýä ölçeglerini ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda BMG bilen gatnaşyklaryny ösdürýär. Türkmenistanyň 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda, soň­ra bolsa 2017 — 2020-nji ýyllarda ösüş maksatlarynda BMG-niň ylym we tehnika boýunça komissiýasyna iki gezek saýlanandygyny ýatlamak isleýäris.

Ýakynda bolsa BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýene-de ikisiniň düzümine — Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin hem-de ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy barada nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy. Ýurdumyzyň agzalyga saýlanan bu iki düzümi hem guramanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýär.

Bu ýagdaýlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynyň netijelidigini, ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyny dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar edýändiginiň subutnamalarydyr.

Bilim, ylym, innowasion tehnologiýalar, taryhy we binagärlik ýadygärliklerini goramak hem-de täzeden dikeltmek we beýleki ugurlar boýunça ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şunda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, bilelikdäki bilim edaralaryň döredilmegine, geljegi uly ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işler öňdebaryjy tehnologiýalara, sanly bilimlere, dünýä tejribelerine esaslanan adam mümkinçiligini yzygiderli artdyrmaga — ylym we bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilendir.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşanlar ýokary bilim we ylym babatda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.

BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasynyň ýolbaşçysyna halkara ölçegleri­ň derejesine laýyk gelýän bilimi ösdürmekde ýurdumyzyň gazananlary barada, şeýle hem wezipesi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça işlenip taýýarlanylan sanly bilim konsepsiýasynyň maksatlaryny öňe ilerletmekden ybarat bolan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasion maglumat merkeziniň işi barada habar berildi.

Şamila Nair-Beduel ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga taýýardyklary üçin bilim ulgamynda Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagynda uly orun eýeleýän türkmen kärdeşlerine hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ähli ugurlary öz içine alýan we adalatly ýokary bilimi üpjün etmek hem-de hemmelere tutuş ömrüniň dowamynda bilim almak mümkinçiligini höweslendirmek ýaly işlere üns berildi.

Ol ylym bilen tehnologiýalaryň arasyndaky baglanyşdyryjy halka hökmünde bilimiň ähmiýetini nygtap, bu ulgamyň wekillerini ÝUNESKO-nyň geljegi uly taslamalarynyň birnäçesine, şol sanda oba hojalygyny ösdürmek, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly «Mikronauka» taslamasyna we beýlekilere gatnaşmaga çagyrdy.

Şeýle hem sanly ulgama degişli taslamalarda hyzmatdaşlyk etmegiň, maglumatlary alyşmagyň mümkinçilikleri hem-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşanlar ählumumy ähmiýete eýe bolan bu strategik ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda pikirlerini biragyzdan aýtdylar.

 

Daşary ýurtly işewür hyzmatdaşlar bilen wideokonferensiýalar

 

Şu gün Döwlet daşary ykdysady iş bankynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Commerzbank AG» bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.

Onda, esasan, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistan bilen GFR-iň öň­debaryjy karz beriş edaralarynyň biriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtap, soň­ky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu ulgamda kanun çykaryjylygyň kämilleşdirilmegi bilen birlikde, durnukly maliýe ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtadylar.

Taraplar Türkmenistanyň bank ulgamyndaky oňyn özgertmeleri belläp, milli ykdysadyýetimiziň bu ugrunda sanlylaşdyrmagyň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler. Innowasiýalar barada pikir, tejribe we öň­debaryjy usullary alyşmagyň ýurduň maliýe bazaryny durnukly ösdürmäge ýardam edýändigi barada biragyzdan pikirler aýdyldy. Şunda halkara ölçegler nazara alnyp, işleriň guralmagynyň zerurdygy barada bellenildi.

Duşuşygyň barşynda Ykdysadyýet boýunça türkmen-german hökümetara iş toparynyň işi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Netijeli döwletara gatnaşyklary gi­ňeltmekde bu topara möhüm orun berilýär. Nemes tarapy bilelikdäki taslamalaryň mundan beýläk öňe ilerledilmegi babatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady syýasaty goldaýandygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

 

(TDH)

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.