Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GYZYKLY GEÇEN ÝARYŞ

Golaýda Daşoguz şäherindäki on müň orunlyk sport toplumynda sportuň basketbol 3x3 görnüşi boýunça erkekleriň arasynda hem-de 2008, 2009, 2010-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda welaýatyň açyk çempionaty geçirildi. Ony TKA-nyň welaýat birleşmesi, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi bilelikde guradylar.

Örän gyzykly geçen ýaryşda ökdeler öňe saýlandy. Daşoguz şäherinden we etraplardan gelen erkekleriň arasynda basketbol 3x3 görnüşi boýunça açyk çempionatda birinji orna TOHI-niň talyplar topary mynasyp boldy. Ikinji ýeri bolsa welaýat Bazaly sport mekdebiniň türgenleri eýelemegi başardylar. Üçünji orny bolsa Akdepe etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň türgenleri eýelediler. Bu açyk çempionatda 2008-nji ýylda doglan türgenleriň arasynda birinji ýere Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň, ikinji orna S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň, üçünji ýere bolsa welaýat Bazaly sport mekdebiniň toparlary mynasyp boldular.

Şeýle hem 2009 — 2010-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda birinji ýere Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň birinji topary, ikinji orna Akdepe etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň topary, üçünji ýere bolsa Daşoguz şäherindäki ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň ikinji topary eýe boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary hem-de welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, «Türkmenistan» Ýaşlar-bedenterbiýe sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary, diplomlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.