Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“HALY TÜRKMENIŇ GADYMY HEM MÜDIMI SUNGATYDYR” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň edara binasynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň  Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň  bilelikde gurnamagynda “Haly türkmeniň gadymy hem müdimi sungatydyr” atly  maslahaty geçirildi.

“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli şeýle hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe   milli gymmatlyklarymyza, nesilden-nesile geçip gelen   halyçylyk sungatyna  buýsanjyny artdyrmak  maksady bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň  Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň  bilelikde gurnamagynda “Haly türkmeniň gadymy hem müdimi sungatydyr” atly  maslahatyny Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Şemşat Setdarowa açyp, onda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň esasy hünärmeni Altyn Muhammedowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Tyllanur Ataýewa, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň önümçilik hünärmeni Maral Amanjaýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň sungat taryhy mugallymy Oguljan Berdiýewa çykyş etdiler.

surat

surat

surat

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.