Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝEŇIŞ BASGANÇAGY ÖKDELERIŇKI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda XXI Milli sport oýunlarynyň welaýat tapgyry geçirildi. Ýaryşlar iki ýerde: Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebinde türkmen milli göreşi hem-de ýaglyga towusmak, Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebinde düzzüm we küşt boýunça geçirildi. Oňa welaýatymyzda dürli pudakda zähmet çekýän işgärleriň 200-e golaýy gatnaşdy. Gyzgalaňly hem-de şowhunly geçen bu bäsleşiklerde düzzüm boýunça erkeklerden Dänew etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçisi Gurbannazar Hamraýew birinji, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň biologiýa mugallymy Eziz Artykow ikinji, Saýat etrabynyň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Ataguly Atalyýew üçünji orunlara mynasyp boldular.

Küşt boýunça erkekleriň arasynda Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Suhrap Semiýew birinji, Türkmenabat Halkara howa menziliniň önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Maksat Isaýew ikinji, Dänew etrabynyň 6-njy sport mekdebiniň tälimçisi Halil Kurbandurdyýew üçünji orunlary eýelediler.

Küşt boýunça zenanlaryň arasynda Dänew etrabynyň 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi Duranaý Jumabaýewa birinji, Türkmenabat şäheriniň 13- nji sport mekdebiniň müdiriniň orunbasary Durdäne Ereşowa ikinji, Türkmenabat şäheriniň 13-nji sport mekdebiniň tälimçisi Zumrat Açilowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Ýaglyga towusmak boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň fizika hünäriniň IV ýyl talyby Maksat Saparlyýew birinji, Saýat etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Agajan Ýazyýew ikinji, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň matematika fakultetiniň II ýyl talyby Guwanç Saparow üçünji orunlary eýelediler.

Türkmen milli göreşi boýunça toparlaryň arasynda Saýat etrabynyň topary birinji, Türkmenabat şäheriniň ýygyndy topary ikinji, Kerki etrabynyň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeňijiler XXI Milli sport oýunlarynyň Mary welaýatynda geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Bahtyýar NURMAMEDOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri boýunça esasy hünärmeni

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.