Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝEŇIŞE BAGYŞLANAN DABARA

“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany ýylynyň” 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň we Aşgabat şäher prokuraturasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň binasynda 1941-1945-nji ýyllaryň ursunda gazanylan ýeňişiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp “Watan mertleri baky ýaşaýar” atly dabara geçirildi. Dabaranyň başynda ýurdumyzyň Baş arhiw müdirliginiň başlygynyň orunbasary Maral Döwletowa gutlag sözi bilen çykyş edip dabarany açdy. Soňra baýramçylyk dabarasynyň barşynda ol nägehan söweşe gatnaşan hem-de urşdan gaýdyp gelmedik esger ýigitleriniň mukaddes ojaklaryny saklap oturan kümüş saçly enelere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň we Aşgabat şäher prokuraturasynyň taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

surat

Sowgatlaryň gowşurylyş dabarasynyň yzysüre çykyşlara giň orun berildi. Ilki bilen söz nobaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň bölüm müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ýazmuhammet Ataýewe berildi. Ý.Ataýew öz çykyşynda bolup geçen gazaply söweşde edermen türkmen ýigitleriniň görkezen gahrymançylyklary barada we bu günki Berkarar döwrümizde Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň asudalygy ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda gürrüň berdi.

surat

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Dil, edebiýat we golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri Gurbanjemal Ylýasowa hem bu maslahatda aldym-berdimli söweş döwründe edermenligiň ýokary nusgasyny görkezip tylda zähmet çeken enelerimiziň, gyz-gelinlerimiziň döredijiligi barada täsirli gürrüňleri berdi.

surat

Gahrymançylygyň aňrybaş nusgasyny görkezen merdana türkmen esger ýigitleriniň edermenligi barada we olary hatyralamakda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bimöçber işleri dogrusynda Aşgabat şäher prokurorynyň uly kömekçisi Mährigül Amanmämmedowa giňişleýin çykyş etdi. Türkmenistanyň Kinofotofono resminamalarynyň Merkezi döwlet arhiwiniň hünärmeni Begenç Berdiýew 1941-1945-nji ýyllaryň nägehan urşundan habar berýän foto suratlaryň hem-de dokumental filmiň üsti bilen türkmen esgerleriniň we türkmen halkynyň şol döwürlerde görkezen gahrymançylygy barada gürrüň berdi.

surat

surat

Geçirilen baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bütin türkmen halkyny ösüşleriň täze belentlikleri bilen bagtyýar geljege alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

surat

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň binasynyň eýwanynda guralan Türkmenistanyň Milli muzeýiniň surat sergilerine aýlanyp gördüler we ol ýerde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary toparynyň ýerine ýetirmegindäki birnäçe sazlary diňlediler.

surat

Begenç Baýramow

TKAMM-yň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Halk maslahatynyň agzasy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.