Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“SAGDYNLYK-BAGTYÝARLYK” ATLY TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDA GEPLEŞIGI GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň   Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Milli merkeziniň  hem-de Altyn Asyr Teleýaýlymynyň bilelikde  gurnamagynda «Türkmenistan – Bitaraplyk mekany»  ýyly  mynasybetli  şeýle  hem, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk  döwründe  Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatlaryny durmuşa ornaşdyrmakda “Sagdynlyk-Bagtyýarlyk”  atly tegelek stoluň  başynda gepleşigi geçirildi.

Gepleşigi “Altyn-Asyr” teleýaýlymynyň alypbaryjysy Ogulbossan Arrykowa alyp bardy. Onda Aşgabat şäheriniň 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, KA-nyň işjeň agzasy Maýa Öküzowa, Aşgabat şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Nurjemal Bekowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy Ogultagan Orazgulyýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi Ylmy kitaphanasynyň bölüm müdiri Döýduk Saparbaýewa dagy tegelek stoluň başynda söhbetdeş boldular.

 

ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.