Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

EZBERLER HEMIŞE ÖŇDE

Düýn Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XI sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmek, ýaş türgenleri ýüze çykarmak maksady bilen durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýän sport ýaryşlarynyň her ýyldaky tapgyry sporta höwesli dürli ýaşdaky raýatlarymyzy tapawutlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bu ýaryşlaryň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyndaky nobatdaky tapgyrlary çekeleşikli hem tolgundyryjy pursatlara baý bolup, ildeşlerimizde uly gyzyklanma döretdi.

 

Ýaryşlar ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sportuň 11, orta we başlangyç orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 12, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda 8, talyp ýaşlaryň arasynda 21, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda 9, ministrlikleriň­dir pudak edaralarynyň işgärleriniň arasynda 8, şeýle-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda 10 görnüşi boýunça üstünlikli geçirildi.

Ýaryşlaryň ýe­ňijilerini sylaglamak dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmakda, türkmen sportunyň şöhratyny dünýä ýaýmakda we ýaş zehinleri ýüze çykarmakda guwandyryjy işleriň alnyp barylýandygyny, şeýle-de dürli ýaşdaky ildeşlerimizi sporta höweslendirmek boýunça degişli ministrliklerdir jemgyýetçilik guramalary tarapyndan yzygiderli sport ýaryşlarynyň geçirilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Çykyşlardan soň­ra dabara ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň sportuň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetiren görkezme çykyşlary bilen dowam etdi.

Ýaryşlaryň netijesine laýyklykda, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda birinji orna Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary, orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda birinji orna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň ýygyndy topary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we professor-mugallymlarynyň arasynda birinji orna Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ýygyndy toparlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň arasynda birinji orna Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndy topary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň arasynda birinji orna Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ýygyndy topary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň arasynda Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary birinji orna mynasyp boldular.

Ýe­ňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Ge­ňeşiniň, şeýle-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Gara altyn» çeper höwesjeň­ler topary döwletimiziň ösüşlerini, türkmen sportunyň waspyny ýetirýän joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

 

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW. «Türkmenistan».

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.