Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ABADANÇYLYGYŇ WE BAGTYÝAR DURMUŞYŇ HATYRASYNA OŇYN BAŞLANGYÇLARY” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň  mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary, Türkmenistanyň Bilim Ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň abadançylygyň we bagtyýar durmuşyň hatyrasyna oňyn başlangyçlary” atly duşuşyk maslahaty geçirildi.

surat

Maslahaty Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Mämmedowa Gülşat Sahyýewna açyp, onda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Gurbangül Kakalyýewna Ataýewa, “Galkynyş” gazetiniň baş redaktory Merdan Gazakbaýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekili Sapar Öwezberdiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Atajan Burunow,  Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory Ogulmähri Geldiýewa çykyş etdiler. 

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.