Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR - BERKARARLYK BINÝADY” ATLY DABARALY MASLAHATY GEÇIRILDI

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Ösüşlere beslenýär – Berkararlyk binýady” atly dabaraly maslahaty geçirildi.

surat

Maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri Şemşat Setdarowa alyp bardy. Onda Türkmenistanyň  Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň baş ylmy işgäri Nurlyýewa Aýgözel, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary institutynyň Dünýä dilleri kafedrasynyň müdiri Ýazberdiýewa Almanar,  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň mugallymy Geldiýew Maksat, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak boýunça bölüminiň hukuk gözegçisi Gurbanow Hydyr, S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň mugallymy Saryýew Ýazgeldi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Bilbil Jumaýewa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni Gökjäýew Allanur çykyş etdiler. 

Maslahatda M.Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň dutarçylar topary aýdym aýtdylar.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.