Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GÜNÜŇ DERWAÝYS MESELESINE BAGYŞLANDY

Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly şygar astynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, sport, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahat hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde öňde goýan wezipelerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy.

Maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň başlygy Akjemal Durdyýewa açdy we hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bagtyýarlygy pugtalandyrmak, raýatlarymyzyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini öz wagtynda geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygider dowam etdirmek we öňde durýan beýleki wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi. Soňra TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Ýazmämmet Ataýew, TAP-niň welaýat komitetiniň başlygy Serdar Gaýypow, Daşoguz şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Dünýägözel Keljäýewa, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Bahargül Ýazyýewa, TGÝMJ-niň welaýat bölüminiň hünärmeni Maral Täjibaýewa dagy çykyş edip, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we ýokanç keselleriň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işleriň ýokary netijelerini berýändigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň geçiren göçme mejlisinde saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde durýan derwaýys wezipeleriň kesgitlenendigi, olary ýerine ýetirmegiň şu günüň esasy işine öwrülmelidigi bellenildi. Ýaş eneleriň sagdyn nesli kemala getirmäge, çagalary talaba laýyk iýmitlendirmäge jogapkärli çemeleşmelidikleri ündew edildi. Ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň döredýän pandemiýasynyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça derwaýys işleri mundan beýläk hem gaýragoýulmasyz häsiýetde durmuşa geçirmelidigi, arassaçylyk kadalarynyň doly we dogry berjaý edilmelidigi nygtaldy. Ýokanç keselleriň garşysyna ýurdumyzda barlyşyksyz göreş alnyp barylýandygyny häzirki wagtda satyn alynýan waksinalaryň hem doly subut edýändigi, munuň bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş ugry hökmünde durmuşa geçirilýändigi barada täsirli gürrüňleriň üstünde durlup geçildi. Milli Liderimiziň şahsy göreldesine eýerilip, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek, ýaramaz endiklere garşy göreşmek, ruhy hem beden taýdan sagdyn nesli kemala getirmek babatdaky işleri mundan beýläk hem işjeňleşdirmek boýunça degişli meseleleriň toplumyna seredildi.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.