Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BILIM BOSSANYNYŇ PARLAK GÜLLERI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlar barada uly aladalar edilýär, beýik işler amala aşyrylýar. Şol aladalaryň iň naýbaşylarynyň biri ýaşlaryň kämil bilim-terbiýe almagy bilen baglydyr. Bu meseläni ýörite nygtamak hem olara bil baglamak bilen eziz Arkadagymyz şeýle diýýär: «Watanymyzyň röwşen geljegi üçin okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bagtyýar ýaşlarymyzyň öňlerinde goýan baş maksadyna öwrülmelidir».

Öz öňlerinde goýlan şeýle beýik maksady üstünlikli amala aşyrýan ýaşlaryň sany soňky ýyllarda barha artýar. Golaýda Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25nji orta mekdebiň giň mejlisler zalynda guralan dabara hem şular baradaky söhbetleri öz içine aldy. Dabara welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda geçirilip, onda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet derejesinde ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna we bilim işgärlerine sylaglar gowşuryldy.

Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarany welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sapar Ataýew açdy. Ol öz sözünde bu ýere ýygnanan mekdep okuwçylaryny, şeýle zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda, taýýarlamakda tapawutlanyp zähmet çeken mugallymlary, mekdepleriň müdirlerini gazanan ýokary netijeleri bilen gyzgyn gutlady. Şeýle çykyşlara TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Ýazmämmet Ataýew dagy gatnaşdylar. Çykyş edenler ýaşlaryň ýagty geljegi, olaryň mynasyp nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edýän, bilimler dünýäsine rowaç ýollar açyp berýän eziz Arkadagymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

Soňra bäsleşiklerde ýeňiş gazanan mekdep okuwçylaryny, olaryň mugallymlaryny, mekdep müdirlerini sylaglamak dabarasy bu çäräniň iň gyzykly hem täsirli pursatlary boldy. Şowhunly el çarpyşmalar bilen Türkmenistanyň bilim ministrliginiň, şeýle-de welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary, Minnetdarlyk hatlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bilimler dünýäsiniň täze giňişliklerine çykmaga, döredijilikli zähmete ruhlandyrýan bu çäre ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.